2026-njy ýylyň iň amatly smartfony «Apple» kompaniýasynyň hödürlejek «iPhone 17e» modeli bolar diýlip çaklanylýar. ixbt.com internet neşiriniň habar bermegine görä, bu enjamyň köpçülikleýin önümçiliginiň «CES» sergisinden — 2026-njy ýylyň 9-njy ýanwaryndan soň dessine başlanjakdygy habar berilýär.
Deslapky maglumatlara görä, täze model daşky görnüşi boýunça «iPhone 16e-den» kän tapawutlanmaz, emma onda «çelka» diýlip atlandyrylýan ekranyň ýokarky gara zolagynyň deregine «Dynamic Island» kesigi bolan 6,1 dýuýmlyk OLED ekrany ornaşdyrylar. Tehnologiýanyň apparat platformasynyň esasyny «A19» prosessorynyň (SoC) birneme ýönekeýleşdirilen görnüşi düzer (bu edil «iPhone 16e-niň» «Apple A18» prosessorynyň peseldilen görnüşi bilen üpjün edilişi ýalydyr). Şeýle hem, «iPhone 17e» modeliniň «Apple» kompaniýasynyň hususy «5G Apple C1» modemi bilen geljekdigi bellenilýär.
Smartfonyň bahasynyň 600 dollar töweregi bolmagyna garaşylýar, emma bu nusgada smartfonyň ýadynyň başlangyç göwrüminiň 256 GB çenli ýokarlanyp biljekdigi mälim edilýär.




