Tiz çap edýän täze 3D tehnologiýasy gündelik önümleriň we robotlaşdyrylan emeli önümleriň önümçiligini düýpgöter özgertmek bilen pudagy täze derejä çykarýar.
Adaty gat-gat çap etmeklikden tapawutlylykda, täze tehnologiýa çap edilýän materiallary ýagtylygyň kömegi bilen dessine taýýar edýär. Ýörite ultramelewşe şöhle düşende, suwuk fotopolimer gysga wagtda gatamak bilen, ýokary takyklykda çap edilen önüm öndürilýär.
Bu ultramelewşe şöhle arkaly gatadyş usuly, ýylylyga we howa bagly bolan adaty usullardan has çaltdyr. Netijede, önümçilik tizligi adaty 3D çap bilen deňeşdirilende 20–100 esse ýokarlanýar we önümler bary-ýogy iki-üç sagadyň dowamynda taýýar bolýar.
Hytaýyň Sziansu welaýatynyň Suçžou şäherinde ýerleşýän ýokary tehnologiýaly PollyPolymer kompaniýasy bu tehnologiýany robotlar üçin çeýe we berk emeli önümleri öndürmekde ulanýar.
“Bu materiallar sarsgyna çydamlydyr, içki öýjükli gurluşy bolsa ýylylygyň paýlanmagyna kömek edip, agramy ýeňilleşdirýär,” diýip, kompaniýanyň baş direktory Wang Wenbin aýtdy.
Onuň sözlerine görä, materiallary belli bir berklik, maýyşgaklyk we gurluş talaplaryna laýyklykda takyk sazlap bolýar, bu bolsa dürli pudaklarda islege görä ýöriteleşdirilen önümçilige mümkinçilik berýär.
“Takyk dolandyryş bu tehnologiýanyň esasy şertidir. Ýagtylyk täsirinden ýüze çykyp biljek şekil bozulmalaryny düzetmek üçin ýörite algoritmler we güýç duýujy ulgamlary ulanylýar, çap ediş takyklygy bolsa 2.8 mikrona çenli ýetip bilýär” diýip, Wang Wenbin düşündirdi.




