5G bilen 5GGs adalgalary, köplenç ýagdaýda, göräýmäge bir düşünje ýaly adamzat aňyny bulaşdyrýan bolsa-da, aslynda, olar biri-birinden düýpgöter tapawutlanýan aýry tehnologiýalardyr. Hut şu nukdaýnazardan-da, bu makalada 5G bilen 5GGs adalgalary käbir adamlar tarapyndan bir düşünje hökmünde kabul edilmez ýaly, olaryň esasy tapawutlaryny düşündireris.
Tehnologiýa dünýäsinde duş gelýän käbir adalgalar käte adamzat aňyny bulaşdyryp bilýär. Esasanam, 5G tehnologiýasyna geçilýän häzirki döwürde ady meňzeş bolan «5G» bilen «5GHz» düşünjeleri hem şeýle adalgalaryň biridir.
Täze telefon alanyňyzda «5G laýyk» aňlatmasyny, öýüňizdäki modemiňiziň sazlamalarynda bolsa «5GHz» saýlawyny görensiňiz. Onda bu ikisi bir zatmy? Hatda biri-biri bilen bir baglanyşygy barmy?
5G näme? (Mobil internetiň geljegi)
5G adyndaky “G” harpyndan düşünilişi ýaly «Generation«, ýagny «nesil» sözüniň gysgaldylan görnüşidir. Ýagny, 5G – 5-nji nesil mobil (ykjam) tehnologiýasy diýmekdir. Mundan öň ulanylan 3G, 4G (LTE) ýaly, bu hem mobil telefonlaryň öýjükli maglumat arkaly internete baglanmagyny üpjün edýän tehnologiýanyň iň soňky wersiýasydyr.
Şeýle pikir edip bilersiňiz:
- 3G bilen internete girmägä başladyk;
- 4G bilen wideolary bökdençsiz görer ýaly bolduk;
- 5G bolsa, diňe ýokary tizlikli internet diýme aňlatmaýar; şeýle hem has düşük gijikme (akylly jogap möhleti) we bir wagtyň özünde başga-da köp enjama birikmek mümkinçiligini hödürleýär. Bu, sürüjisiz awtoulaglardan akylly şäherlere çenli köp sanly täze tehnologiýa üçin gapy açýar.
5GGz näme? (Öýüňizdäki Wi-Fi)

Contents
5GGs — adyndaky «GGs» (Gigagers) aňlatmasyndan hem düşünilişi ýaly, bir ýygylyk zolagyny aňladýar. Ýagny, bu ykjam aragatnaşyk däl, öýümizdäki ýa-da iş ýerimizdäki modemleriň (router) simsiz internet (Wi-Fi) signallaryny gös-göni ýaýradýan bir radio ýygylygydyr.
Häzirki zaman modemleri adatça iki dürli ýygylykda Wi-Fi signallaryny ýaýradýar:
- 2.4 GGs: Bu köne tehnologiýa. Onuň signallary diwarlar ýaly päsgelçiliklerden has gowy geçýär we has giň meýdana syýahat edýär, ýöne has haýal. Sebitdäki beýleki enjamlaryň köpüsi (çaga monitorlary, mikrotolkunly peçler we ş.m.) hem bu ýygylygy ulanýandygy sebäpli signal dyknyşygy bolup biler.
- 5 GGs: Has ýokary tizlikleri hödürlär we signal çaknyşygy örän azdyr, ýöne gurşaw meýdany has dardyr we signallary diwarlardan geçmekde kynçylyk çekýär.
5G bilen 5GGs arasyndaky tapawut:

| Aýratynlygy | 5G | 5GGs |
|---|---|---|
| Manysy: | 5.-nji nesil mobil (ykjam) tehnologiýasy | 5 Gigagers ýygylyk zolagy |
| Ulanylyş meýdany: | Mobil (Öýjükli) maglumat tory | Ýerli simsiz tor (Wi-Fi) |
| Gurşaw meýdany: | Örän giň (şäherler, ýurtlar) | Çäkli (öý, ofis, kafe) |
| Baglanyşyk: | Enjamyňyz bilen esasy beketiň (stansiýanyň) arasynda | Enjamyňyz bilen modemiň (Router) arasynda |
| Maksady: | Her ýeri mobil internet bilen üpjün etmek | Belli bir sebiti ýokary tizlikli Wi-Fi bilen üpjün etmek |
Telefon 5GGs Wi-Fi toruna baglansa, 5G ulanmaklyk bolýarmy?
Ýok, asla beýle bolanok. Bu diňe öýdäki modemiň ýaýradýan, ýokary tizlikli bolan Wi-Fi toruna birikdirilmeklik bolýar. Telefonda 5G ulanmaklyk üçin, 5G gabat gelýän telefon we ýaşalýan sebitiň 5G hyzmaty üpjün edilmegi zerur bolup durýar.
Haýsysy ýokary tizlikli: 5G tehnologiýasymy, ýa 5GGs Wi-Fi?
Bu ýagdaýa görä üýtgeýär. Nazary taýdan 5G has ýokary tizliklere ýetip biler. Ýöne amalyýetde, öýümizdäki güýçli süýümli internet
infrastrukturasyna birikdirilen 5 GGs Wi-Fi ulgamy, ýaşaýan sebitimizdäki 5G signalyndan has ýokary tizlikli we durnukly bolup biler.
Gysgaça aýdylanda, ideal şertlerde 5G has ýokary tizlikli bolup biler, ýöne gündelik ulanylanda, gowy bir 5GGs Wi-Fi birikmesi, köplenç has
durnukly tizligi hödürleýär.



