5G tehnologiýasy dünýäniň köp ýerinde, şol sanda biziň mukaddes ata Watanymyz Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň akylly şäheri Arkadag şäherinde-de ulanylyşa girizildi. Emma, bu Türkiýe we sebit ýurtlarynyň köpüsi üçin heniz garaşylýan täzelikdir.
5G instagrama has çalt göz aýlamakdan, wideolara bökdençsiz seretmekden has köp zady wada berýär.
5G dünýä derejesinde maglumatlaryň şobada iberilip alynmagy netijesinde, sürüjisiz awtoulaglaryň biri-biri bilen habarlaşmagyna, lukmanlaryň uzakdan operasiýa geçirmegine we akylly şäherleriň hakykata öwrülmegine mümkinçilik döredýär.
Tizlik: Faýllary sekuntda indirip bilersiňiz

Contents
5G hakda gürläniňde aňyňa gelýän ilkinji we iň tolgundyryjy üýtgeşiklik, elbetde, tizlikdir. Häzirki wagtda ulanylýan 4.5G teoretiki taýdan 100 Mbit/s tizlige ýetýär. Şol tizlikde film göçürip almak birnäçe minudyňy alýar. 5G bolsa teoretiki taýdan bu görkezijini 10 Gbit/s çenli ýokarlandyrýar. Bu, häzirki tizlikden azyndan 10 esse, hatda ideal şertlerde 100 esse çalt internet tizligini aňladýar.
Ýeri, bu näme mana aňladýar?
- Sekuntda göçürip almak: Birnäçe sagatlap oýunlary ýa-da filmleri göçürip almagy ýatdan çykaryň. 5G bilen, gigabaýt faýllary sanlyja sekundyň içinde göçürip alyp bilersiňiz.
- 4K / 8K Wideo tomaşasy: ýokary çözgütli wideolary bökdençsiz görüp bilersiňiz. Göni ýaýlymlar we wideo jaňlary öňküsinden has kämil bolar.
- Bulut tehnologiýasy: ýakyn wagtda bolmasa-da, kompýuteriňize ýa-da telefonyňyza programmalary gurmak döwri gutarar. Çünki, örän ýokary tizlik bilen üpjün edilen häzirkizaman infrastrukturasynyň kömegi bilen, iň agyr programmalary we oýunlary-da göni bulut arkaly işledip bilersiňiz.
Signal güýji we gurşaw meýdany: has güýçli we akylly baglanyşyk
5G, 4.5G-den has ýokary ýygylyk zolaklaryny ulanýar. Bu has ýokary ýygylyklar has köp maglumatlary, has çalt herekete getirýär. Ýöne, muňa garamazdan kemçilikleri-de bar. Signallary diwar ýaly päsgelçiliklerden geçip, has gysga aralyklara ýetmekde kynçylyk çekýär. Bu ýagdaýda signal güýji gowşak bolarmy? Ýok, munuň tersine. 5G infrastrukturasy bu meseläni çözmek üçin akylly tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylandyr.
- Kiçijik öýjükler (Small Cells): Äpet esasy beketleriniň (stansiýalarynyň) ýerine müňlerçe kiçi, güýçli esasy beketler (stansiýalar) köçe çyralary, binalar ýa-da awtobus duralgalary ýaly ýerlere ýerleşdiriler. Hut şu nukdaýnazardan-da, elmydama ýakyn ýerde signal çeşmesi bolar.
- Şöhlelenme (Beamforming): 4.5G signaly ähli tarapa paýlasa-da, 5G esasy beketler (stansiýalar) signaly göni “şöhle” görnüşinde enjamyňyza gönükdirip biler. Bu signallary has netijeli ulanmaga we has durnukly we güýçli birikmäge mümkinçilik berýär. Her kim köp adamly ýerlerde-de birmeňzeş ýokary hilli internet birikmesini alar.
5G ulanmak üçin täze SIM kart gerek bolarmy?
Hawa. 5G tehnologiýasyndan peýdalanmak üçin 5G-e gabat gelýän smartfon we 5G goldawly täze SIM kart hökman gerek bolar. Bar bolan 4.5G telefonlar we SIM-ler 5G torlaryna birigip bilmeýärler.




