Türkmenistanyň ilkinji «akylly» şäheri bolan Arkadag şäherinde 5G ýokary tizlikli mobil aragatnaşyk tehnologiýasynyň ornaşdyrylmagy diňe bir täze aragatnaşyk standartynyň işe girizilmegi däl, eýsem ýurdumyzda sanly özgertmeleriň we innowasion tehnologiýalaryň ösüşinde möhüm tapgyry aňladýar. Täze nesil aragatnaşyk ulgamy şäheriň ähli ugurlar boýunça sanly mümkinçiliklerini has-da giňeldip, ilata we edaralara döwrebap hyzmatlary hödürlemäge şert döredýär.
«Watan» habarlar gepleşiginde bellenilişi ýaly, Arkadag şäheri «akylly» we «ýaşyl» tehnologiýalaryň, sanly ykdysadyýetiň hem-de ekologik taýdan arassa ýaşaýyş gurşawynyň iň täze çözgütlerini özünde jemleýän döwrebap şäher hökmünde ösdürilýär. Şol konsepsiýanyň möhüm düzüm bölegi bolan 5G tehnologiýasy maglumatlary sekuntda 20 gigabite çenli tizlikde geçirmäge ukyply bolup, her inedördül kilometre bir milliona çenli enjamyň bir wagtda tora birikmegini üpjün edýär. Bu görkeziji 4G+ tehnologiýasy bilen deňeşdirilende takmynan 20 esse ýokarydyr.
Şäheriň çäginde doly elýeterli bolan 5G ulgamy döwlet edaralarynyň, kärhanalaryň we hususy düzümleriň sanly dolandyryş mümkinçiliklerini ep-esli giňeldýär. Ýokary geçirijilik ukyby uly möçberli maglumatlaryň dessine alyş-çalşyny üpjün edip, bulut tehnologiýalarynyň, emeli aň çözgütleriniň, «zatlaryň interneti» (IoT) ulgamlarynyň hem-de beýleki ýokary tehnologiýaly sanly hyzmatlaryň netijeli işlemegine şert döredýär.
Täze aragatnaşyk standarty ilatyň gündelik durmuşynda hem giň mümkinçilikleri açýar. Bilim ulgamynda okuw materiallarynyň ýokary tizlikde alyşylmagy, onlaýn sapaklaryň we wirtual okuw platformalarynyň durnukly işlemegi üpjün edilýär. Saglygy goraýyş pudagynda bolsa telemedisina hyzmatlarynyň mümkinçilikleri giňelip, lukmanlaryň uzak aralykdan maslahat bermegi we anyklaýyş maglumatlaryny dessine alyşmagy ýeňilleşýär.
Şeýle hem 5G tehnologiýasy senagat kärhanalarynda önümçilik enjamlaryny uzak aralykdan dolandyrmaga, awtomatlaşdyrylan önümçilik ulgamlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga we «akylly» şäheriň infrastrukturasyny real wagt tertibinde dolandyrmaga mümkinçilik berýär. Ýokary hilli 4K we geljekde 8K formatyndaky göni ýaýlymlar, sanly media platformalarynyň durnukly işi, köp sanly enjamyň bir wagtda internetden peýdalanmagy hem hut şu tehnologiýanyň esasy artykmaçlyklarynyň hataryna girýär.
Bilermenleriň bellemegine görä, 5G diňe bir aragatnaşyk tehnologiýasy däl, eýsem ykdysady ösüşiň, innowasion önümçilikleriň, sanly hyzmatlaryň we «akylly» şäher ekoulgamynyň esasy hereketlendiriji güýjüdir. Şonuň üçin Arkadag şäherinde bu tehnologiýanyň üstünlikli ornaşdyrylmagy Türkmenistanyň sanly transformasiýa strategiýasynyň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini hem-de geljegiň şäher gurşawyny döretmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny görkezýär.
5G tehnologiýasynyň giň mümkinçilikleri Arkadag şäheriniň diňe bir häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän şäherdigini däl, eýsem sanly innowasiýalaryň, ýokary tehnologiýalaryň we durnukly ösüşiň sebitdäki öňdebaryjy merkezleriniň birine öwrülýändigini aýdyň tassyklaýar.



