ABŞ-da «Emeli aň» üçin 30 milliard amerikan dollarlyk maýa goýum gaznasy dörediler. Bu barada «Biznes reklama» gazetiniň 2024-nji ýylyň 23-nji sentýabryndaky №39 (1346) sanynyň 10-njy sahypasynda habar berildi.
ABŞ-nyň «BlackRock», «Microsoft» kompaniýalary hem-de BAE-niň «MGX» döwlet maýa goýum kompaniýasy tarapyndan «Emeli aň» ulgamynda maýa goýum gaznasy (Global AI Infrastructure Investment Partnership, GAIIP) dörediler. Gaznanyň umumy mukdarynyň 30 milliard amerikan dollaryna deň bolmagyna garaşylýar.
«Göni maýa goýumlaryny çekmek we uzak möhletli karzlary maliýeleşdirmek arkaly «Emeli aň» infrastrukturasyna maýa goýmak üçin 100 milliard amerikan dollaryna çenli pul toplamaga mümkinçilik dörär» diýip, kompaniýalaryň bilelikde ýaýradan metbugat beýanatynda bellenilýär.