Adobe-den tekst-wideo döredýän AI guralynyň şu ýyl “Firefly” -a geljekdigini öňem siziň bilen paýlaşdyk. Indi “Adobe” ahyrsoňy köpden bäri garaşylýan emeli intellekt bilen goldanýan wideo önümçilik gurallaryny ulanyjylara hödürledi. Kompaniýanyň “Firefly Video Model” ulanyjylara wideolaryny uzatmaga, suratlardan wideo döretmäge we tekst buýruklary bilen wideo döretmäge mümkinçilik berýän “Premiere Pro” -da integrirlenen täze gurallar bilen çykdy.
“Firefly” -nyň iň görnükli aýratynlyklaryndan biri bolan “Generative Extend” guraly wideolaryň başyny ýa-da soňuny iki sekuntda uzaldyp biler. Bu aýratynlyk esasanam ownuk üýtgeşmeler üçin amatlydyr we göz çyzygynyň üýtgemelerini ýa-da garaşylmadyk hereketleri düzetmek üçin ulanylyp bilner. Şeýle-de bolsa, bu giňeltme aýratynlygy diňe gysga wideolar üçin ulanylýar we 720p ýa-da 1080p durulykda, 24 FPS formatda işleýär.
“Premiere Pro” -dan başga-da, “Firefly” web programmasy ulanyjylara “Tekstden wideo” we “Suratdan wideo” gurallaryny synap görmäge mümkinçilik berýär. Bu gurallar gysga, pes çözgütli wideolary döredýär. Mysal üçin, bäş sekuntlyk wideolar tekst buýruklary bilen öndürilip bilner we bu wideolaryň hili 720p bilen çäklenýär. “Adobe” bu täze gurallaryň häzirki wagtda beta we işlenip düzülýändigini aýdýar.
Şeýle hem, “Adobe” -niň emeli intellektual wideo gurallarynyň täjirçilik taýdan howpsuzdygy mälim edildi. Kompaniýa, bu gurallaryň awtorlyk hukugy bilen goralmaýan mazmun bilen taýýarlanandygyny we beýleki emeli intellekt modelleri bilen deňeşdirilende has ygtybarly warianty hödürleýändigini öňe sürýär.
Adobe 2024 Adobe MAX konferensiýasynda bu täze emeli intellekt gurallaryny yglan etdi we ulanyjylary bu tehnologiýany ulanmaga çagyrdy. “Adobe” emeli intellektiň wise-prezidenti Aleksandru Kostin “Emeli intellektiň döredijilik işlerini çaltlaşdyrjakdygyna ynanýarys” -diýdi we täze gurallaryň döredijilik hünärmenleriniň mazmun önümçiligini ep-esli ýeňilleşdirjekdigini aýtdy.