AI SuperCloud (Alem Plus) platformasy 2026-njy ýylyň ýanwaryndan bäri 38 müňden gowrak işjeň ulanyjyny we 140-dan gowrak emeli aň çözgüdini birleşdirdi. Ýewraziýa ösüş bankynyň Sanly başlangyçlar gaznasynyň grant goldawy bilen ösdürilýän platforma gysga wagtyň içinde aýratyn sanly guraldan emeli aň çözgütlerini döretmek, synagdan geçirmek, çap etmek we ulanmak üçin sebit derejesindäki infrastruktura öwrüldi.
Taslamanyň aralyk netijeleri Astanada geçirilen Digital Bridge 2026 halkara tehnologiýa forumynda tanyşdyryldy. Onda Ýewraziýa ösüş bankynyň Sanly başlangyçlar gaznasynyň dolandyryjy direktory Dauren Rakhimžanow hem-de Astana Hub merkeziniň dolandyryjy direktory Žanerke Ýegeubaýewa çykyş etdiler.
Sebit üçin umumy AI giňişligi
Häzirki wagtda AI SuperCloud-dan Gazagystanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň hünärmenleri hem-de guramalary peýdalanýarlar. Platformada emeli aň tehnologiýalary bilen işlemek üçin 35-den gowrak integrirlenen gural we hyzmat elýeterlidir.
Platformanyň ösüşi diňe tehniki infrastruktura bilen çäklenmeýär. Taslamanyň möhüm ugurlarynyň biri hem programmistler jemgyýetini döretmek we amaly AI çözgütleriniň peýda bolmagyna şert döretmekdir. Şu maksat bilen AI SuperCloud-da eýýäm üç hakaton geçirildi. 2026-njy ýylyň maýynda geçirilen halkara hakatona Gazagystandan, Täjigistandan, Gyrgyzystandan we Özbegistandan toparlar gatnaşdy. Çärä 433 toparlyk arza gelip gowuşdy, gatnaşyjylaryň umumy sany bolsa 917 adama ýetdi. Hakaton programmistlere amaly çözgütleriň prototiplerini döretmäge, olary bilermenleriň öňünde görkezmäge we baýrak gaznasyndan maliýe goldawyny almak üçin bäsleşmäge mümkinçilik berdi.
AI ekoulgamy üçin täze infrastruktura
Ýewraziýa ösüş bankynyň maglumatyna görä, AI SuperCloud bankyň agza döwletlerini umumy sanly infrastruktura arkaly birleşdirip biljek mümkinçiliklere eýedir. Platforma programmistler, startaplar, IT kompaniýalary, işewürlik düzümleri, tehnologik parklar, döwlet edaralary hem-de ylmy guramalar üçin bir bitewi sanly gurşaw döredýär. Bu bolsa täze önümleri işläp taýýarlamagy we olary synagdan geçirmegi çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Ýewraziýa ösüş bankynyň Sanly başlangyçlar gaznasynyň grant goldawy AI SuperCloud-y diňe bir tehnologiýa platformasy hökmünde däl, eýsem sebit derejesindäki emeli aň ekoulgamyny döretmegiň guraly hökmünde ösdürmäge gönükdirilýär. Bank platformanyň döredilmegini 2025-nji ýylda goldapdy. 2026-njy ýylda bolsa AI SuperCloud Sanly başlangyçlar gaznasynyň beýleki sanly taslamalarynyň arasynda resmi taýdan tanyşdyryldy.
Sanly hyzmatdaşlygyň giňelýän gerimi
Ýewraziýa ösüş bankynyň Sanly başlangyçlar gaznasy 2020-nji ýylyň iýunynda döredildi. Onuň maksady bankyň agza döwletlerinde maglumat çeşmelerini birleşdirmek, sanly özgertme gurallaryny döretmek we degişli taslamalary maliýeleşdirmek arkaly sanly ösüşi goldamakdan ybaratdyr.
AI SuperCloud taslamasy hem şu strategiýanyň bir bölegi hökmünde Merkezi Aziýada we giň Ýewraziýa sebitinde emeli aň çözgütleriniň döredilmegini, paýlaşylmagyny we amaly taýdan ulanylmagyny çaltlandyrýan täze sanly infrastruktura öwrülýär.



