Dünýäniň öňdebaryjy emeli aň kompaniýalarynyň biri bolan «Anthropic», özüniň iň kämil we täze nesil emeli aň modeli bolan «Claude Fable 5»-i resmi ýagdaýda jemgyýetçilige hödürledi. Kompaniýanyň beren resmi beýanatyna görä, bu model şu güne çenli giň ulanyjy köpçüligi üçin elýeterli edilen iň güýçli, iň çalt we iň akylly «Claude» modeli hasaplanýar.
Esasy artykmaçlyklary we tehniki mümkinçilikleri
«Claude Fable 5» emeli aň modlei öňki nusgalary (wersiýalary) bilen deňeşdirilende, aýratyn-da çylşyrymly amallary talap edýän ugurlarda uly öňegidişlik görkezýär. Täze model şu aşakdaky ugurlarda düýbünden täze hil ölçeglerini (standartlaryny) kesgitleýär:
Çylşyrymly programmalaşdyrma we kodlaşdyrma: Programma üpjünçiligini işläp taýýarlamakda çylşyrymly kod böleklerini gurnamak we näsazlyklary anyklamak ukyby has-da kämilleşdirildi.
Ylmy barlaglar we resminama seljermesi: Göwrümli ylmy makalalary, maliýe hasabatlaryny we hukuk resminamalaryny gysga wagtyň içinde seljerip, zerur netijeleri çykaryp bilýär.
Wizuwal-multimodal seljerme (Vision): Model ekran suratlaryny (skrinşotlary) we beýleki wizuwal maglumatlary ýokary takyklyk bilen okaýar. Hatda diňe bir ulanyş interfeýsiniň (UI) suratyna seredip, şol programmanyň koduny noldan dikeltmäge (reverse engineering) ukyplydyr.
Özbaşdak işjeňlik we howpsuzlyk ulgamy
Anthropic kompaniýasy «Claude Fable 5» emeli aňynyň has uzak wagtlap we adamyň gatyşmagy talap edilmezden, özbaşdak usulda çylşyrymly zynjyrly amallary ýerine ýetirip bilýändigini nygtaýar. Şol bir wagtda kompaniýa howpsuzlyk we etika kadalaryna hem aýratyn üns beripdir. Maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek we kiber-howplaryň öňüni almak maksady bilen, käbir gaty duýgur we garym-gatym temalar boýunça gelip gowuşýan soraglar awtomatik usulda gurnalyp, has ygtybarly bolan Claude Opus 4.8 modeline gönükdiriler. Bu bolsa ulanyjylara we kärhanalara has ygtybarly sanly gurşawy kepillendirýär.



