«Apple»-iň uly gyzyklanma bilen garaşylýan täze «HomePod» enjamy we stol üsti roboty barada täze maglumatlar peýda boldy. Maglumatlara görä, önümçiligi BYD öz üstüne alar.
«Apple» akylly öý bazaryna güýçli bir giriş etmäge taýýarlanýar we bu taýýarlykda BYD bilen hyzmatdaşlyk etjekdigi habar berildi. Täze maglumatlara görä, «Apple» 2026-njy ýylda tanyşdyrylmagy meýilleşdirilen ekranly «HomePod» we 2027-nji ýylda bazara çykarylmagy göz öňünde tutulan stol üsti robot üçin Wýetnamda önümçilige başlar.

Täze «HomePod» takmynan 7 dýuýmlyk sensor ekrany, «FaceTime» kamerasy we ösen Siri integrasiýasy arkaly öýüň ähli sanly işleýşini bir merkezden dolandyrmaga mümkinçilik berer. Enjamyň bahasynyň 350 dollar töweregi bolmagyna garaşylýar
Täze «HomePod» bilen stol üsti roboty BYD öndürer
Täze Siri ulanyjylar üçin elýeterli bolanyndan soň, ChatGPT-e meňzeş emeli aň hereketlendirijisi bilen ulanyjylara has akylly, tebigy jogaplar berer. Ýakyn wagtda ekranly «HomePod»-yň ýany bilen «Apple» kompaniýasynyň stol üstü robotyna hem ömür berler.

Robot, hereketlendirijili bir gol üstünde hereket edýän 9 dýuýmlyk bir ekran bilen enjamlaşdyrylar we ulanyjy bilen fiziki taýdan aragatnaşyk gurup biler. Aşhanada reseptleri görkezmek, ýygnaklarda ekranyň ýagdaýyny sazlamak ýaly aýratynlyklara eýe bolar. Gymmat bahaly robot bölekleri sebäpli önümiň birnäçe ýüz dollar aralygynda bahalandyrylmagyna garaşylýar.





