Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisini ChatGPT ýaly doly derejeli çat-bota öwürmegi meýilleşdirýär. Kupertinoly kompaniýa onuň täzelenen wersiýasyny 2026-njy ýylyň iýunynda geçiriljek WWDC konferensiýasynda iOS 27 bilen bilelikde hödürlär diýip, Bloomberg neşiriniň žurnalisti Mark Gurman habar berýär.
Campos kod atly täze taslama ses we tekst arkaly söhbetdeşligi goldar.
Ozal Apple-iň programma üpjünçiligi boýunça uly wise-prezidenti Kreýg Federigi Siri-ni çat-bota öwürmek islemeýändigini we emeli aňy «gerek wagty el ýüzünde bolar ýaly» iOS-a goşmagy makul bilýändigini aýdypdy. Ýöne, Gurmanyň maglumatlaryna görä, oýnuň meýilnamasy EA bazaryndaky bäsdeşlik sebäpli üýtgedildi.
Üýtgeşmeler üçin goşmaça itergi OpenAI kompaniýasynyň Apple-iň öňki dizaýneri Joni Aýwyň ýolbaşçylygynda hususy enjamyny çykarmak meýilnamasy boldy.
TechCrunch-yň belleýşi ýaly, Apple Siri-niň ösen wersiýasyny çykarmagyny ençeme gezek yza süýşürenden soň, EA pudagynda yza galaklygyny azaltmaga çalyşýar. Tehnologiýa hyzmatdaşyny gözlemek prosesinde korporasiýa OpenAI-iň we Anthropic-iň çözgütlerini synagdan geçirip gördi, ýöne şu ýylyň ýanwarynda Google kompaniýasynyň Gemini modelini saýlandygyny mälim etdi.



