Awstraliýaly alymlar bary-ýogy 3 minutda sowuk kofe taýýarlamagyň usulyny oýlap tapdylar. Olar bu usuly täze tehnologiýada ornaşdyrdylar. Bu iş öň 12-den 24 sagada çenli dowam edýärdi. Täze tehnologiýa kofe dänesinden tagam we hoşboý ys almak mümkinçiligini çaltlandyrmak üçin ultrasesden peýdalanýar. Bu barada ferra.ru web saýtynyň täzeliklerine salgylanyp, Almaty.tv habar berdi.
Işläp düzüjiler alnan içginiň ýumşaklygy, az turşulygy we ajylygy bilen tapawutlanýan adaty sowuk kofeniň tagamyndan pes däldigini bellediler.
Alymlar bu oýlap tapyşyň kofe taýýarlaýan taraplara we restoranlara uly göwrümli enjamlary ýa-da has uly sowadyjylary ulanmazdan, islegler boýunça sowuk kofe taýýarlamaga mümkinçilik berjekdigine bil baglaýarlar.
Mundan başga-da, bu tehnologiýa kofe söýüjilere ony taýýarlamagyň düýpgöter täze usulyny hödürleýär.