BAE-niň Ministrler Kabineti 15 ýaşa çenli çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmek barada karar kabul etdi. Bu barada Khaleej Times neşiri habar berdi.
Bu ýaşdaky ýetginjeklere şahsy sahypa (akkaunt) döretmäge ýa-da platformalaryň ähli mümkinçiliklerinden peýdalanmaga rugsat berilmez. Bellenilişi ýaly, ene-atalaryň resmi razyçylygy hem täze düzgünlerden çykma hökmünde kabul edilmez. Şeýle hem, 15 we 16 ýaşly ýetginjekler üçin giriş mümkinçiligi saklanyp galýar, emma berk düzgünleşdirilen görnüşde bolar. Olaryň akkauntlarynda ýaş aýratynlyklaryna laýyk süzgüçler we ene-ata gözegçiligi ýaly güýçlendirilen gorag serişdeleri bolar.
Resmi edaralar bu standartlary tapgyrlaýyn durmuşa geçirmek üçin sosial torlara 12 aýa çenli möhlet berdiler. Platformalar ýurduň degişli edaralary bilen göni utgaşyklykda işlärler. 2024-nji ýylda geçirilen soragnama görä, Emirliklerdäki çagalar her gün sosial torlarda takmynan üç sagat wagt geçirýärler. Hünärmenleriň pikiriçe, şeýle endik köplenç howsala, okuwda kynçylyklara we hatda sözleýşiň gijä galmagyna sebäp bolýar.
Mundan ozal Slowakiýada 16 ýaşa çenli çagalar üçin sosial torlary gadagan etmek teklip edilendigi barada habar berlipdi. Hökümet bu başlangyjy awgust aýynda sereder. Eger kanun taslamasy makullansa, täze düzgünler 2027-nji ýyldan güýje girip biler. 15-nji iýunda Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Kir Starmer 2027-nji ýylyň ýazyndan başlap, ýurtda 16 ýaşa ýetmedik ýetginjekleriň sosial torlardan peýdalanmagynyň gadagan ediljekdigini mälim etdi. Starmeriň aýtmagyna görä, hökümet bu baradaky kanuny 2026-njy ýylyň 25-nji dekabryna çenli kabul etmegi meýilleşdirýär. Gadagançylygyň özi bolsa 2027-nji ýylyň ýazyndan güýje girer.
Çagalar üçin sosial torlary gadagan etmek
Geçen ýyl Awstraliýa dünýäde ilkinji bolup 16 ýaşa çenli çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etdi. 2026-njy ýylyň fewral aýynda Portugaliýa hem 16 ýaşa çenli çagalar üçin sosial torlary gadagan etjekdigini mälim etdi. Çäklendirmeler Instagram, Facebook we TikTok platformalaryna degişli bolar, emma ene-atalaryň çagalary bilen aragatnaşyk saklaýan WhatsApp hyzmatyna degişli bolmaz.
Şu ýylyň mart aýynyň başynda Indoneziýa 16 ýaşa çenli ýetginjekler üçin ýokary töwekgelçilikli sosial torlary gadagan etdi. Şeýle hem şu ýylyň aprel aýynda Türkiýäniň parlamenti 15 ýaşa çenli çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny çäklendirýän kanun taslamasyny makullady. Gresiýa bolsa 2027-nji ýyldan başlap 15 ýaşa çenli çagalar üçin sosial torlary gadagan etmegi meýilleşdirýär. Ýurtda geçirilen pikir soraşmalaryň netijesine görä, raýatlaryň takmynan 80 göterimi bu karary goldaýar.
Şu ýylyň maý aýynda Gazagystanda hem 16 ýaşa çenli çagalar üçin sosial torlardan peýdalanmagy gadagan etmek meýilleşdirilýändigi barada habar berlipdi. Hökümet häzirki wagtda degişli kadalary ara alyp maslahatlaşýar, olarda çagalaryň onlaýn platformalara girişini çäklendirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Kanadada 16 ýaşdan kiçi çagalar üçin sosial torlary gadagan etmek meýilleşdirilýär. 10-njy iýunda hökümet çagalar üçin sosial torlary gadagan etmek hem-de emeli aňly çat-botlary düzgünleşdirmek baradaky kanun taslamasyny hödürledi.



