Hytaýyň ByteDance kompaniýasy amerikan kinostudiýalarynyň kazyýet şikaýatlary baradaky duýduryşlaryndan soň, täze «Seedance 2.0» atly emeli aň (AI) wideo generatorynda intellektual eýeçilik obýektleriniň ulanylyşyny çäklendirmegi wada berdi. Bu barada Reuters habarlar agentligi öz çeşmelerine salgylanyp maglumat berdi.
Dawanyň esasy sebäbi — Disney korporasiýasynyň we beýleki awtorlyk hukugy eýeleriniň bildiren talaplarydyr.
Disney korporasiýasynyň resmi hatynda «Seedance 2.0» modeliniň «Ýyldyz söweşleri» («Star Wars) we «Marvel» äleminiň gahrymanlarynyň gatnaşmagyndaky uly maglumat kitaphanasy esasynda öwredilendigi aýdylýar. Paramountyň Skydance studiýasy hem öz gahrymanlarynyň birugsat ulanylmagy boýunça ByteDance kompaniýasyna meňzeş talaplary iberdi.
15-nji fewralda işe girizilen «Seedance 2.0» tekst buýruklary esasynda örän realistik wideolary döretmäge ukyplydyr. Onuň mümkinçilikleri Bred Pitt bilen Tom Kruzyň arasyndaky söweşi görkezýän wideolar arkaly meşhurlyk gazanypdy. Emma Motion Picture Association (Kinokompaniýalar birleşigi) bu hili «realizmiň» diňe birugsat ulanylan maglumatlar arkaly mümkindigini öňe sürýär.
Kompaniýanyň wekilleri intellektual eýeçiligi goramak üçin gözegçilik çärelerini güýçlendirmegi wada berdiler. Emma gözegçilik mehanizmleriniň nähili işlejekdigi barada anyk jogap berilmedi.
ByteDance meşhur adamlaryň keşplerini modelleri öwretmek üçin ulanýandygy baradaky sowallary jogapsyz goýdy.



