«OpenAI» kompaniýasynyň gptbot guraly interneti seljerme babatda «Google»-yň gözleg ulgamlaryndan öňe geçdi. Bu ýagdaý, «Google»-yň gözleg ulgamlary bazarynda gaty güýçli bäsdeşler bilen bäsleşip başlajakdygyny görkezýär. Çünki, diňe gptbot däl, «Meta» we «Antropic» ýaly firmalar hem bu ugurda möhüm işler alyp barýarlar.
Bütin dünýäde hosting we domen hyzmatlaryny hödürleýän «Hostinger» möhüm bir derňew geçirdi. Gözleg ulgamlarynyň internet gözleg statistikalaryny seljerýän bu seljermäniň netijesinde «OpenAI» gptbot guralynyň «Google»-dan hem öňe geçendigi ýüze çykaryldy. Başgaça aýdylanda, gptbot internet web sahypalaryny «Google»-dan has köp yzarlamaga ukyply.
Emeli aň tehnologiýalary şu derejä ýetmezden ozal biz «Google» bagly ýagdaýdadyk. «Google» gözleg ulgamy öz ýörite ölçegleri bilen ähli internet web saýtlaryny gözden geçirip, bu ýerde alnan maglumatlary netijeler (gözleg) sahypasynda görkezýärdi. Indi bolsa, bu ýagdaý üýtgäp başlady. «Google», internet web sahypalaryny gözlemek işini dowam etdirýär, ýöne «OpenAI», «Meta» we «Antropic» ýaly bäsdeşleri bar. «Hostinger» tarapyndan geçirilen seljerme, internet dünýäsindäki güýç deňagramlylygynyň üýtgäp barýandygyny görkezýär.
Gptbot, internetiň 88 göteriminde maglumat gözlegini geçirdi!

«Hostinger»-iň seljermesine görä, gptbot 5 million töweregi web sahypasynyň 4,4 millionynda, ýagny, takmynan, 88 göteriminde maglumat gözlegini geçirdi. «Google»-yň gözleg ulgamlary bolsa 3,9 million internet web saýtynda maglumat gözlegini geçirmek bilen çäklendi. Bu bolsa, takmynan, 78 göterime deň bolýar. «Meta», «TikTok» we «Anthropic» ýaly kompaniýalaryň gözleg ulgamlary bolsa, her gün, takmynan, 1,4 milliard maglumat gözlegini geçirýärler.
Ýöne, bu ýagdaý, «Google»-yň öz işinde haýal-ýagallyga ýol berendigini aňlatmaýar. Ýokarda agzalan botlaryň ählisi, aslynda, belli bir wagtda internetiň 100 göteriminde-de maglumat gözlegini geçirip bilýärler. Diňe ulanylýan usullar we ölçegler üýtgeýär. Ýöne, muňa garamazdan, gözleg ulgamlary pudagynda «Google» indi ýeke däl. gptbot ýaly gurallaryň kämilleşdirilmegi, «Google»-yň bu ugurdaky monopoliýa ýagdaýyny bozup biljekdigi şübhesizdir. «Google»-yň bularyň hemmesine garşy nähili çäreleri görjekdigini göreliň…



