OpenAI kompaniýasy ChatGPT-niň her hepde işjeň ulanyjylarynyň sanynyň 900 million adama ýetendigini habar berdi. Bu bolsa emeli aňly kömekçiniň arzuw edilýän 1 milliard ulanyjy maksadyna barha golaýlaşýandygyny görkezýär. Şeýle-de kompaniýa tölegli abunaçylaryň sanynyň 50 million adama ýetendigini habar berdi.
«Ýylyň başyndan bäri abunaçylaryň goşulyşynyň ösüş depgini ep-esli ýokarlandy: çaklamalara görä, ýanwar we fewral aýlary täze abunaçylaryň sany boýunça kompaniýamyzyň taryhynda iň uly aýlar bolar. Adamlar ChatGPT-ni bilim almak, ýazgy ýazmak, meýilleşdirmek we döredijilik üçin ulanýarlar. Ulanyş gerimi giňeldigiçe, önüm şeýle derejede kämilleşdirilýär welin, ulanyjylar muny dessine duýýarlar: jogaplar has çalt bolýar, takyklyk ýokarlanýar, howpsuzlyk güýçlenýär hem-de işjeňlik has durnukly bolýar», diýip, OpenAI kompaniýasynyň beýanynda aýdylýar.
OpenAI tarapyndan berlen maglumatlara görä, kompaniýa 2025-nji ýylyň oktýabrynda hepdelik işjeň ulanyjylaryň sanynyň 800 milliona ýetendigini habar bereninden bäri, ChatGPT-e ýene-de 100 million saby täze ulanyjy goşuldy.
OpenAI täze görkezijileri 110 milliard ABŞ dollary möçberinde hususy maýa goýumlarynyň çekilendigi baradaky bildirişiniň çäklerinde mälim etdi. Bu bolsa hususy maliýeleşdirmegiň taryhyndaky iň uly tapgyrlaryň biri boldy. Maýa goýujylaryň arasynda Amazon, Nvidia we SoftBank bar bolup, olar degişlilikde 50, 30 we 30 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýdular.
Maýa goýumlary kabul edilmezinden ozal, OpenAI-niň bazar bahasy 730 milliard ABŞ dollary hökmünde kesgitlenipdi. Bu maliýeleşdiriş tapgyry häzir hem açyk bolmagynda galýar we kompaniýa oňa täze maýa goýujylaryň goşulmagyna garaşýar.



