Hytaýyň emeli aň pudagyndaky öňdebaryjy kompaniýasy DeepSeek, täze nesil dil modeli DeepSeek V4-i tanyşdyrmaga taýýarlanýar. Sektordaky çeşmelerden gelip gowşan soňky maglumatlara görä, bu täze model bahasy we tehniki güýji bilen “OpenAI” we “Anthropic” ýaly global bäsdeşlerine uly howp salyp biler.
Esasy tehniki görkezijiler:
Syzyp çykan maglumatlara laýyklykda, DeepSeek-V4-iň esasy aýratynlyklary şulardan ybarat:
- Bahasy: Giriş (input) tokenleriniň bahasy 1 million token üçin bary-ýogy $0.27 hökmünde bellenilendigi aýdylýar. Deňeşdirmek üçin, häzirki wagtda GPT-5.2 we Claude Opus 4.5 modellerinde bu baha takmynan $15 töweregidir.
- Arhitektura: Model 1 Trilliondan gowrak parametr we 1 million token kontekst penjiresine eýe bolar. Şeýle hem, uzyn kodlary we maglumatlary bir gezekde işlemek üçin täze “Engram” ýat (memory) arhitekturasyny ulanýar.
- Kodlaşdyrmak Ukyby: SWE-bench synaglarynda modeliň üstünlik derejesiniň 80%-den geçendigi we kod ýazmakda häzirki liderlerden öňdedigi habar berilýär.
Resmi DeepSeek saýtynda heniz V3.2 wersiýasy elýeterli bolsa-da, täze modeliň ýakyn günlerde, esasanam Çin Täze ýylyndan soňky döwürde (fewral aýynyň ahyryna çenli) resmi taýdan yglan edilmegine garaşylýar.
Bu makalany peýdaly gördüňizmi?Derrew täzelikleri almak üçin Google-da Gorogly.com-y yzarlaň.
+ Yzarlaň

