Deezer platformasyna her gün 75 müňden gowrak emeli aň aýdymy ýüklenýär. Sanly aýdym-saz bazaryndaky emeli aňyň paýy we täze barlag ulgamy barada maglumat.
Deezer näme?
Deezer — Fransiýada esaslandyrylan we bütin dünýäde millionlarça aýdymy, podkastlary we beýleki audio mazmunlary onlaýn hödürleýän global sanly aýdym-saz straiming (ýaýlym) platformasydyr. Ulanyjylara ýokary hilli ses tejribesini we emeli aň arkaly şahsylaşdyrylan aýdym sanawlaryny hödürleýän bu hyzmat, Spotify we Apple Music ýaly ägirtleriň iň uly bäsdeşleriniň biri bolup, aýdym-saz bazarynda innowasion aýratynlyklary bilen öňe saýlanýar.
Emeli aň aýdymlary platformalary eýeleýär
Sanly aýdym-saz platformasy Deezer, emeli aň (EA) bilen öndürilen aýdymlaryň bazary nähili çaltlyk bilen eýeleýändigini görkezýän täsin sanlary paýlaşdy. Kompaniýanyň berýän maglumatyna görä, platforma her gün takmynan 75 müň sany emeli aň tarapyndan döredilen aýdym ýüklenýär. Bu bolsa gündelik ýüklenýän täze aýdymlaryň 44 göteriminiň emeli aň önümidigini we aýda takmynan 2 million aýdymyň şu topara degişlidigini aňladýar. Diňe 2025-nji ýylyň dowamynda 13,4 milliondan gowrak aýdymyň emeli aň çeşmesinden gelip çykandygy anyklandy.
Diňleniş mukdary we galp straiming
Bu takyk maglumatlar, Deezer-iň 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda işe girizen we patentine ýüz tutan täze aýdym barlag tehnologiýasy arkaly alynýar. Platformadaky emeli aň mazmunynyň uly ösüşine garamazdan, umumy diňlenişiň diňe 1-3 göterimi bu görnüşli aýdymlardan ybarat. Üstesine-de, bu diňlenişleriň aglaba böleginiň emeli (galp) trafikdigi anyklanyp, olaryň girdeji gazanmagynyň öňü alyndy. Ulgam häzirki wagtda meşhur bolan Suno we Udio ýaly gurallar bilen öndürilen aýdymlary aňsatlyk bilen tapawutlandyryp bilýär. Sektorda Coda Music ýaly beýleki platformalar hem “AI Artist” (Emeli aň sungat işgäri) belliklerini ulanyp, bu akymy gözegçilik astyna almaga çalşýarlar.
Emeli aňyň aýdym-saz pudagyna edýän bu ägirt uly täsiri, geljekde awtorlyk hukugy we hakyky sungat işgärleriniň hak-hukuklaryny goramak babatda täze kanunçylyklaryň zerurdygyny görkezýär. Platformalaryň bu ugra gözegçilik etmek üçin görýän taýýarlyklary, sanly aýdym-saz bazarynyň hilini saklamak ugrundaky iň möhüm ädimleriň biri bolup durýar.


