Italiýanyň awtoulag ägirdi Ferrari, ýörite sargyt esasynda öndürilen SC40 atly täze awtoulagyny tanyşdyrdy. Ferrari 296 GTB bilen F40 modelinden ylham alnyp döredilen bu awtoulagyň her bir zerresi gaty üýtgeşik görünýär. Aýratyn hem, SC40 ýokary derejeli öndürilişi bilen ünsleri özüne çekýär.

Ferrari tarapyndan geçirilen çärede görkezilen SC40, diňe ýörite müşderiler üçin bir gezeklik öndürilen model bolup, markanyň müşderileriniň islegine nähili inçe üns berýändigini görkezýär.

Geliň, indi bilelikde Ferrari SC40 awtoulagy bilen ýakyndan tanyşalyň:
Awtoulagyň içine seredeniňde seredeniňde, döwrebap we owadan elementleri görmek bolýar. Ep-esli uly sanly görkeziş ekrany bolan SC40 awtoulagy, F40 modelinde-de ulanylan Kevlar örtügi bilen bezelen. Uglerod süýümli bölekler, gyzyl reňkli oturgyçlar we «alcantara» mata ýaly aýratynlyklar hem SC40 awtoulagynda özüni görkezýär.






