Samsung kompaniýasynyň 2021-nji ýylda çykarylan we dört ýyllyk täzelenme kepillendirmesi bolan dört modeli üçin şu gününden başlap täzelenme goldawy tamamlandy.
Samsung uzak wagtlap programma üpjünçiligine goldaw berýän marka hökmünde tanalýan bolsa-da, käbir modelleri üçin goldaw bermek bes edildi. Kompaniýa Galaxy A52s, Galaxy A03s, Galaxy M32 5G we Galaxy F42 5G modellerini resmi goldaw sanawyndan çykardy.
Bu dört model indi One UI we howpsuzlyk täzelenmelerini alyp bilmez. Enjamlar käwagt käwagt täze Android wersiýalaryndan hem mahrum edilipdi. Mundan beýläk bolsa hiç hili howpsuzlyk täzelenmesini almazlar.
Täzelenme alyp bilmejek Samsung telefonlary:
- Galaxy A52s
- Galaxy A03s
- Galaxy M32
- Galaxy F42
Agzalan modeller 2021-nji ýylyň ikinji ýarymynda çykarylyp, olara dört ýyllyk howpsuzlyk täzelenme kepillendirmesi berlipdi. Bu möhlet tamamlanansoň, enjamlar “ulanyş ömri tamam” (EOL) sanawyna goşuldy.
Eger-de bu modellerden biri sizde bar bolsa, onda enjamyňyzyň howpsuzlygy üçin Samsung kompaniýasynyň täze telefonlaryna geçmek has gowy saýlaw bolup biler. Ýöne elbetde, bar bolan enjamyňyzy ulanmaga dowam edip bilersiňiz.



