Nvidia kompaniýasy Ýaponiýanyň täze döredilen Noetra konsorsiumy bilen bilelikde dünýäde ilkinji milli emeli aň infrastrukturasyny (binýadyny) döretmek boýunça hyzmatdaşlyga girişendigini yglan etdi. Bu desga Ýaponiýa hökümetiniň döwlet goldawyndaky FRONTia fiziki emeli aň maksatnamasynyň esasy hasaplaýyş binýadyna öwrüler we kuwwaty 140 megawata (MW) deň bolan iri AI fabrigi hökmünde işlär.
Täze infrastruktura 27 500 sany Nvidia Rubin GPU hem-de 13 750 sany Nvidia Vera CPU bilen enjamlaşdyrylar. Desga robototehnika, sanly nusga (Digital Twin) tehnologiýalary we senagat awtomatlaşdyrylyşy ugurlarynda ulanyljak açyk köpmodally emeli aň modellerini taýýarlamak üçin niýetlenendir.
Taslama barada çykyş eden Nvidia kompaniýasynyň esaslandyryjysy we baş ýerine ýetiriji direktory Jensen Huang:
«Ýaponiýa döwrebap önümçiligiň düýbüni tutdy. Indi bolsa indiki senagat öwrülişigine kuwwat berjek emeli aň fabriklerini gurýar» diýip belledi.
382 sany Rubin NVL72 ulgamy ornaşdyrylar
Taslamanyň tehniki binýady Nvidia DSX salgylanma platformasynyň esasynda gurlan Vera Rubin NVL72 ulgamlaryndan ybarat bolar. Jemi enjamlar 382 sany Vera Rubin NVL72 rafyny emele getirer. Her bir rafda 72 sany Rubin GPU we 36 sany Vera CPU ýerleşdiriler. Ulgamlaryň ählisi bolsa Nvidia Spectrum-X Ethernet torunyň üsti bilen özara birleşdiriler.

Kompaniýalar taslamanyň umumy bahasyny entek mälim etmediler. Şeýle-de bolsa, häzirki bazar maglumatlaryna görä VR200 NVL72 ulgamynyň biriniň bahasy takmynan 5–7 million ABŞ dollary aralygynda bolýar. Şundan ugur alnyp hasaplananda, diňe raf enjamlarynyň umumy gymmaty 1,9–2,7 milliard ABŞ dollaryna ýetip biler.
Başga bir hasaplamalara görä, Nvidia iri möçberli sargytlarda Rubin GPU çipleriniň hersini ortaça 55 müň ABŞ dollaryndan bahalandyrýar. Şeýle ýagdaýda diňe GPU çipleriniň umumy gymmaty 1,5 milliard ABŞ dollaryna barabar bolýar. Bu hasaba ýat, tor infrastrukturalary we sowadyş ulgamlary goşulmaýar.
Nvidia bilen Noetra desgalaryň haçan doly işe giriziljekdigi barada entek resmi senenamany yglan etmedi. Şeýle-de bolsa, Rubin binýatly ulgamlaryň köpçülikleýin önümçiliginiň şu ýylyň ikinji ýarymynda başlanmagyna garaşylýar.
Kompaniýanyň bellemegine görä, infrastruktura tapgyrlaýyn giňeldiler we geljekde trillion parametrli emeli aň modellerini taýýarlamaga mümkinçilik berer.
Esasy maksat – robototehnika we hakyky dünýä üçin emeli aň
FRONTia maksatnamasynyň ýerine ýetirijisi bolan Noetra konsorsiumy SoftBank, Sony, NEC hem-de Honda kompaniýalary tarapyndan döredildi. Häzirki wagtda bu başlangyjy 44 kompaniýa we gurama maliýe taýdan goldaýar.
Taslama üçin ilkinji ýylda 387,3 milliard ýen (takmynan 2,4 milliard ABŞ dollary) möçberinde maliýe serişdeleri bölünip berildi. 5 ýylyň dowamynda döwlet tarapyndan beriljek goldawyň umumy möçberi 1 trillion ýene (takmynan 6,1 milliard ABŞ dollary) çenli artdyrylar.
NEC kompaniýasynyň ýol kartasyna laýyklykda:
- 2026-njy maliýe ýylynda — pikir ýöretmek ukybyna eýe bolan esasy emeli aň modeli;
- 2028-nji maliýe ýylynda — bir wagtda tekst, şekil, wideo we sesi gaýtadan işläp bilýän omni-modal model;
- 2030-njy maliýe ýylynda bolsa giňişlik düşünjesine eýe bolan «hakyky dünýä gönükdirilen» emeli aň ulgamyny döretmek meýilleşdirilýär.
Mundan başga-da, Ýaponiýanyň mart aýynda yglan eden AI Robotics Strategy strategiýasyna laýyklykda, ýurt 2040-njy ýyla çenli dünýä emeli aň robototehnika bazarynyň 30 göteriminden gowragyna eýe bolmagy maksat edinýär. Ýapon hökümeti bu bazaryň ykdysady möçberiniň 133 milliard ABŞ dollaryna ýetjekdigini çaklaýar.



