Soňky ýyllarda sanly ulgam we innowasion tehnologiýalar jemgyýetiň ähli ugurlarynda giňden ornaşýar. Bu ösüşiň möhüm böleginiň biri bolsa, emeli intellekt-dir (AI Artificial intelligence). Ol maglumatlary çalt işläp taýýarlamak, netijeleri seljerip anyk çözgütleri hödürlemek ukyby bilen aýratyn tapawutlanýar. Emeli aň tehnologiýalarynyň giňden ornaşmagy bilen, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek hem täze talaplary orta çıkarýar. Sebäbi sanly ulgamlar giňeldikçe, olaryň howpsuzlygyny goramak has çylşyrymly mesele bolýar.
Kiberhowpsuzlyk ulgamynda emeli aňyň orny günsaýyn artýar. Ulgamlarda ýüze çykýan näsazlyklary, zyýanly programmalar bilen baglanyşykly howplary wagtynda tanamak, olaryň öňüni almak ýaly işlerde emeli aňyň mümkinçilikleri uly ähmiýete eýedir. Awtomatlaşdyrylan maglumat seljermesi arkaly kiberhowplar döräninden öň duýduryş berilýär. Şeýlelikde, emeli intellekt maglumat ulgamlarynyň ygtybarlylygyny güýçlendirmäge hyzmat edýär.
Şeýle-de bolsa, emeli aň kiberhowpsuzlyk üçin diňe peýdaly gural däl-de, eýsem täze howplaryň hem döremegine sebäp bolup biler. Ters niýetli toparlar tarapyndan döredilen emeli aň esasynda awtomatlaşdyrylan hüjümler giň gerimde täsir edip bilýär. Şeýle hem deepfake ýaly tehnologiýalar arkaly maglumatlaryň galplaşdyrylmagy jemgyýetiň arasynda çyn däl maglumatlaryň ýaýramagyna getirýär. Şeýle ýagdaýlar adam psihologiýasyna täsir edip, sosial howplary hem döredip bilýär.
Şonuň üçin emeli aň tehnologiýalaryny ulanmak bilen bir hatarda, howpsuzlyk çärelerini hem yzygiderli ýokarlandyrmak zerurdyr. Munuň üçin sanly ulgamlar boýunça hünärmenleri taýýarlamak, maglumat gorag syýasatlaryny kämilleşdirmek, algoritmleri seljerip durmak we halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek möhüm ugurlardyr. Bu çäreler bolup biljek howplaryň öňüni almakda netijeli çözgütleriň hataryna girýär.
Emeli aň bilen baglanyşyklary bolan kiberhowpsuzlyk meseleleri häzirki wagtda dünýä derejesinde örän möhüm hasaplanýar. Şol sebäpli bu ugurdaky ösüşlere jogapkärçilikli çemeleşmek, täze mümkinçilikleri ynamly we howpsuz ulanmak ileri tutulmalydyr. Dogry ýol bilen dolandyrylan we yzygiderli kämilleşdirilen emeli aň tehnologiýalary geljekde jemgyýetiň ösüşine goşant goşup, kiberhowpsuzlygy ygtybarly saklamaga hyzmat eder.
Sülgünjemal ORAZMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk kafedrasynyň mugallymy




