Hasyl ýygnalan wagtynda däne ýitgileri, kombaýnlaryň optimal derjede geçmedik ýagdaýynda ýangyjyň aşa köp harçlanmagy we hasyl ýygylyş möhletiniň uzalmagy ýaly ýagdaýlar döräp biler. Şeýle-de daýhanlaryň ekin meýdanlaryna ýokary hilli gözegçilik etmegi aňsat däl. Düzgün bolşy ýaly, bu köp wagt alýar; barlag ýygylygynyň ýeterlik däldigi sebäpli daýhanlar ekin meýdanlarynyň ýagdaýy barada pes hilli maglumatlary alýarlar.
Ekerançylykda emeli intellekt tehnologiýalarynyň ulanylmagy topragyň we ösümlikleriň ýagdaýyna baha bermäge, ekin meýdanlarynyň gaýtadan işlenişine we hasylyň ýygnalyşyna gözegçilik etmäge, ekerançylyk ýerleriniň öndürijiligini ýokarlandyrmaga, hasyllylygy, ýaramaz tebigy täsirleri çaklamaga we ekinleriň amatly ösýän şertlerini saklamaga kömek edýär.
Uçardaky ýokary çözgütli RGB kameralary bolan pilotsyz uçarlar (Dron) (UAV) ekinleriň ýagdaýyna çalt we takyk baha bermäge hem-de ekin meýdanlarynda meseleli ýerleri tapmaga mümkinçilik berýär. Dron kesgitlenen nokatlary surata düşürip, tutuş meýdany aýlanýar. Emeli intellekt ulanyp, ulgam drondan alnan şekilleri seljerýär, ekinleri, haşal otlary we olaryň ösüş tapgyrlaryny kesgitleýär hem-de ekinleri goramagyň amatly tehnologiýalaryny maslahat berýär.
Maldarçylykda emeli intellekt tehnologiýalary haýwanlaryň iýmitlenişini saýlamaga, olaryň ýagdaýyna gözegçilik etmäge, işjeňligini kesgitlemäge, hereketlerini we duruşlaryny seljermäge, saglyk bilen bagly meseleleriniň ýüze çykmagynyň öňüni almaga, mallaryň bakylyşyna, hereketine gözegçilik etmäge we olaryň sanawyny düzmäge mümkinçilik berýär. Emeli intellekt çözgütleri keselleriň öňüni almak üçin ideg şertleri bilen mallaryň saglygynyň arasyndaky täze gatnaşyklary kesgitläp biler.
Nadira ATAJANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby