Eplenýän iPhone barada täze talaplar peýda boldy. Bu enjamyň has kiçi ekrana eýe bolup biljekdigi we çykmagynyň gijikdirilme mümkinçiliginiň bardygy aýdylýar.
Apple kompaniýasynyň eplenýän telefon bazaryna girmegi meýilleşdirýändigi köp wagtdan bäri belli. Hatda, häzirlikçe “iPhone Fold” diýlip atlandyrylýan ilkinji eplenýän iPhone modeliniň 2026-njy ýylda resmi taýdan tanyşdyrylmagyna garaşylýardy.
Ýöne, «The Elec» tarapyndan çap edilen we Ýaponiýanyň maýa goýum banky “Mizuho Securities”-iň enjam baradaky garaýyşlaryny öz içine alýan täze hasabatynda Apple kompaniýasynyň eplenýän telefon meýilnamalaryny üýtgeden bolmagynyň ähtimaldygyny öňe sürýär. Hasabata görä, enjamyň çykmagy hem gijikdirilip bilner we ekranyň ululygy garaşylýanyndan has kiçi bolup biler.
Ekran kiçeldilip bilner, tanyşdyrylyş gijikdirilip bilner
Täze talap boýunça “iPhone Fold” modeli 5.38 dýuým daşky ekran we 7.58 dýuým içki ekran bilen üpjün ediler. Aslynda, bu ilkinji talaplara görä, ölçegleriň degişlilikde 5,5 we 7,8 dýuým boljakdygy aýdylýardy. Ýöne, täze talaplar, Apple kompaniýasynyň enjamyň ekran ölçegini birneme kiçeldip biljekdigini görkezýär. Bu hem telefonyň epleneninde, edil «iPhone mini» ýaly kiçi we ykjam görnüşde bolup biljekdigini görkezýär.
Mundan başga-da, onuň 2026-njy ýylda işe girizilmegine şübheler bar. Maglumatlarda uzak möhletli dizaýn prosesi sebäpli kompaniýanyň üpjünçilik ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolup biljekdigi aýdylýar. Diýmek, başda garaşylyşy ýaly üpjünçilik bolmazlygy mümkin. Bu maglumatlar 2026-njy ýylda tanyşdyrylmagynyň henizem ähtimaldygyny, ýöne 2027-nji ýyla hem yza süýşürilip bilinjekdigini görkezýär.
Eplenýän “iPhone”-nyň tanyşdyrylmagyna entek gaty kän wagt bar. Hut şu nukdaýnazardan-da, “Apple” kompaniýasynyň meýilnamalarynyň ýakyn wagtda üýtgemegine uly ähtimallyk bar. Wagtyň geçmegi bilen kompaniýanyň haýsy ýoldan gitjekdigini görüp bileris.



