Öýde aklyňyza gelen islendik işi ýerine ýetirip bilýän bu robot ýokary derejeli akylly ulgamy we takyk hereket etmegi bilen ulanyjylary haýran galdyrjak ýaly. Bu robot öňki modeller ýaly öý işlerine gönükdirilen bolup, kompaniýanyň özi tarapyndan işlenip düzülen Helix atly akylly ulgam bilen işleýär. Figure AI kompaniýasy bu ulgamy güýçlendirip, Figure 03-i has giň gerimde öndürilip, bütin dünýäde satylyp bilinýän görnüşe getirdi.

Figure 03 bilen tanyşyň:
Kämilleşdirilen kamera ulgamy bilen has ýokary görme ukyby: Täze görme ulgamy robotyň reaksiýa wagtyny 25% azaldyp, görme meýdanyny 60% giňeldýär. Şeýlelik bilen, hatda bulaşyk ýerlerde hem robot takyk işläp bilýär. Şeýle-de, robotyň ellerine ýerleşdirilen kameralar, esasy kameralar işlemeýän ýagdaýlarynda hem işlemegini üpjün edýär.

Ep-esli zatlary hem duýup bilýän ýumşak eller: Figure 03-iň elleri indi kiçijik bir ataşy hem duýup bilýär. Parmak ujundaky ýumşak material dürli ölçegdäki we görnüşdäki zatlary has berk tutmagy üpjün edýär. Robot ulananyňça öwrener we has takyk hereket eder.
Has ýeňil we kompakt gurluşly, täze batareýa bilen 5 sagatlyk işlemäge ukyply: Öňki nesil bilen deňeşdirilende Figure 03 roboty 9% ýeňil we has kiçi ölçegli. Täze batareýa tehnologiýasy bilen hatda ýokary öndürijilik ýagdaýynda hem 5 sagatlap işläp bilýär. Robot öz-özüni zarýadlap bilýän ýörite platforma eýe.

Geýim çalşyp bilmegi, gündelik durmuş üçin has amatly: Figure 03 dürli ýagdaýlar üçin ýörite eşikler geýip bilýär — öýde ýa-da ofisde ulanylyp bilner. Eşikleri ýuwup bolýar we olar ýyrtylmaga garşy durnukly materialdan taýýarlanypdyr.
Figure 03-iň bahasy we çykýan senesi:
Figure AI kompaniýasy robotyň bahasy we satuw senesi barada takyk maglumat bermedi. Ýöne kompaniýa önümçilik ulgamyny güýçlendirdi we 4 ýylyň dowamynda ýylda 100 müň robot öndürip bilýän zawody işe girizmegi meýilleşdirýär. Ilki döwürde bolsa bu sany 12 müň bilen çäklenýär.
Bu makalany peýdaly gördüňizmi?Derrew täzelikleri almak üçin Google-da Gorogly.com-y yzarlaň.
+ Yzarlaň


