Şeýle şertlerde bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, ylmy gözlegleri goldamak we täze tehnologiýalary işläp taýýarlamak döwletleriň uzak möhletleýin ösüş strategiýalarynyň möhüm bölegini emele getirýär. Gazagystanyň ilkinji AI uniwersitetiniň talyplar üçin gapylaryny açmaga taýýarlanmagy hem sanly geljegiň binýadyny berkitmäge, täze nesil inženerleri, alymlary we tehnologlary kemala getirmäge gönükdirilen möhüm başlangyç hökmünde çykyş edýär.
Gazagystanyň emeli aň (AI) ulgamyna ýöriteleşen ilkinji ylmy-barlag ýokary okuw mekdebi bolan Qazaq AI Research University 2026–2027-nji okuw ýyly üçin talyp kabul etmäge taýýarlyk görýär. Uniwersitetiň kabul ediş topary 20-nji iýunda öz işine başlap, dalaşgärlerden resminamalary kabul edip ugrar.
Ýokary okuw mekdebiniň maglumatlaryna görä, täze okuw ýylynda bakalawr maksatnamalary boýunça 400, magistratura maksatnamalary boýunça bolsa 100 talyby kabul etmek meýilleşdirilýär. Şeýlelikde, ilkinji okuw ýylynda jemi 500 talyp bilim almaga mümkinçilik alar.
Döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän okuw orunlary ugrunda geçirilýän bäsleşige gatnaşmak üçin resminamalar 13–20-nji iýul aralygynda kabul ediler. Bakalawr maksatnamalaryna girmek isleýän dalaşgärler Gazagystanyň ýokary okuw mekdeplerine giriş üçin geçirilýän Ýeke-täk milli testinde (ENT) «Matematika» we «Informatika» derslerini hünär ugurlary hökmünde saýlamaly bolarlar.
Tölegli esasda okuwa girmek üçin dalaşgärler azyndan 70 bal, döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän okuw orunlary ugurlaryna dalaş etmek üçin bolsa 90 bal toplamaly. Okuwlaryň ählisi iňlis dilinde alnyp barylýandygy sebäpli, dalaşgärler IELTS, TOEFL ITP ýa-da TOEFL iBT ýaly halkara dil şahadatnamalarynyň birini hödürlemeli bolarlar. Şeýle şahadatnamasy bolmadyk dalaşgärler üçin kabul ediş topary tarapyndan iňlis dili boýunça ýörite söhbetdeşlik geçiriler.
Magistratura maksatnamalary boýunça bir ýyllyk hünär ugurly hem-de iki ýyllyk ylmy-pedagogik taýýarlyk maksatnamalary göz öňünde tutulýar. Dalaşgärler M094 «Maglumat tehnologiýalary» ugruna degişli toplumlaýyn synagdan geçmeli bolup, olaryň «Algoritmler we maglumat gurluşlary» hem-de «Maglumat bazalary» dersleri boýunça taýýarlygy barlanar.
Şeýle hem uniwersitet Birleşen Arap Emirlikleriniň Mohamed bin Zayed University of Artificial Intelligence ýokary okuw mekdebi bilen bilelikde Executive MBA we MBA maksatnamalaryny durmuşa geçirer.
Gazagystanyň ilkinji AI uniwersitetinde okuwlar 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda başlanar. Bu ýokary okuw mekdebi emeli aň, maglumat tehnologiýalary we sanly ykdysadyýet ugurlary boýunça täze nesil hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir.



