Şu hepde Bloomberg agentliginiň žurnalisti Mark Gurman iOS 27 ulgamyndaky Apple Siri wirtual kömekçisinden nämeleriň garaşylýandygy barada gürrüň berdi. Häzirki wagtda bolsa Google we Apple kompaniýalarynyň arasynda emeli aň boýunça baglaşylan ylalaşyk barada has giňişleýin jikme-jik maglumatlar, şol sanda Gemini maşgalasyna degişli modellere gözegçilik etmek meseleleri we başga-da köp zatlar mälim boldy.
Habarda Apple we Google kompaniýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň «ozal çaklanyşyndan has çuňňurdygy» aýdylýar. Gazanylan ylalaşyklaryň çäginde Apple-iň «Google-yň tehnologiýalary bilen işlemekde garaşylýan wezipelerinden has köp erkinlige» eýe bolandygy bellenilýär.
«Apple özüniň maglumatlary işläp taýýarlaýan merkezlerinde (data-merkezlerinde) Gemini modeline doly girmek mümkinçiligine eýe. Apple anyk meseleleri ýerine ýetirmek üçin niýetlenen ýa-da göni Apple enjamlarynda işläp biljek derejede kiçi bolan has ykjam modelleri döretmek üçin Google-yň işläp taýýarlamalaryny ulanyp biler, bu bolsa wezipeleriň has çalt ýerine ýetirilmegine mümkinçilik berer» diýip, The Information neşiriniň habarly çeşmesi mälim etdi.
Emeli aňyň öndürilen modellerini döretmek prosesi distillasiýa diýlip atlandyrylýar. Bu — bir dil modeliniň bilimlerini has ykjam we optimizirlenen algoritmlere geçirmegine mümkinçilik berýän usuldyr.
Has ykjam algoritmleriň artykmaçlygy — olaryň belli bir meseleleri ýerine ýetirende has çalt işläp bilmegi we şol bir wagtyň özünde has az hasaplaýyş serişdelerini talap etmegidir. Hut şeýle algoritmler ulanyjynyň enjamlarynda ýerli (lokal) ýagdaýda işlemek üçin laýykdyr, uly dil modellerine bolsa bulut infrastrukturasyna zerurlyk bolýar.
Apple kompaniýasynyň Gemini modeline doly elýeterliligi bolany sebäpli, geljekdäki algoritmler Gemini-niň ulanyjy soraglaryna jogap döretmek üçin ulanýan içki hasaplamalaryny meňzetmegi öwrenip biler. Munuň netijesinde öwredilýän modeliň iş netijeliligi ýokarlanyp biler. Ahyrky netijede bolsa şeýle çemeleşme, ölçegi has kiçi bolan, ýöne öndürijilik taýdan öz mugallymlaryna takmynan deň gelýän modelleriň döredilmegine getirmeli, şol bir wagtyň özünde olaryň işlemegi üçin ep-esli az hasaplaýyş kuwwaty gerek bolar.
Çeşme bu prosesiň aňsat bolmazlygynyň mümkindigini belledi, sebäbi Siri bilen bagly Apple-iň maksatlary Gemini-niň ýöriteleşmesi bilen hemişe gabat gelmeýär. Şeýle hem ol, Apple-iň öz emeli aň modellerini döretmekden ýüz öwürmändigini, ýöne häzirki wagtda bu ugra jogapkär bölümiň maksatlarynyň entek anyk däldigini aýtdy.
Şeýle hem Apple-iň iýun aýynda geçiriljek WWDC konferensiýasynyň çäklerinde Siri üçin uly täzeleniş hödürlemegi meýilleşdirýändigi tassyklanylýar. Garaşylmagyna görä, ses kömekçisi ulanyjy bilen öňki gepleşikleri ýatda saklap biler we proaktiw funksiýalary goldar. Mysal üçin, eger ulanyjynyň syýahat etjekdigini bilse, Siri ýollardaky dyknyşyklardan gaça durmak we howa menziline ýa-da demir ýol menziline wagtynda ýetmek üçin öýden has ir çykmagy teklip edip biler.



