Google kompaniýasynyň «Nano Banana» atly AI (emeli intellekt) arkaly suratlary üýtgetmek üçin döredilen aýratynlygy häzirki wagtda Lens we Circle to Search programmalarynda synagdan geçirilýär. Ulanyjylar diňe bir ýazgy arkaly suratlary redaktirläp bilerler. Bu barada webtekno.com internet neşirinde habar berildi.
Google, AI kömekli surat redaktirleme aýratynlygyny — «Nano Banana»y — Google Lens we Circle to Search ýaly platformalara ornaşdyrmaga taýýarlaýar.
Bu aýratynlyk ilkinji gezek Gemini programmasynda tanyşdyryldy, ýöne indi has giň gerime ýaýramagy maksat edinýär.
AndroidAuthority tarapyndan geçirilen APK seljermeleri, Google Lens programmasynda «Create» (Döretmek) atly täze bir saýlamanyň bu aýratynlygyň synagyndan geçýändigini görkezýär.
Ulanyjylar ýüklenilen suratlary redaktirlemek üçin metin esasynda buýruklary ulanyp bilerler.
Circle to Search tarapyndan hem şol bir aýratynlyk bellense-de, häzire çenli doly işleýär diýlip bilinmeýär. Bu aýratynlyk buýruklara jogap bermeýär we ösüş tapgyrynyň başlarynda bolandygy görünýär.
Bu ösüş, Google-yň emeli intellekt gurallaryny diňe aýratyn rejimler bilen çäklendirmek däl-de, eýsem, ähli ulanyjy tejribesine ornaşdyrmagy maksat edinýändigini görkezýär. Ýöne APK arkaly geçirilen synaglaryň hökman ahyrky (iň soňky) wersiýada ýerleşmeýändigini hem ýatdan çykarmaly däl.



