Gonkongda gije-gündiz işlejek ilkinji robot-dükan açylýar. Bu barada Investing Engineering internet neşiri habar berdi.
Maglumata görä, dükanda alyjylara adam şekilindäki humanoid robot hyzmat eder. Söwda nokady 9 inedördül metrlik kapsula görnüşinde bolup, Gonkongyň Hunghom kenarýakasynda ýerleşdiriler. «Sýao Gai» (Xiao Gai) atly robot kanton, iňlis we mandarin dillerinde aragatnaşyk saklap bilýär. Ol alyjylar bilen söhbetdeş bolup, önümleri maslahat berýär hem-de satyn alyş işinde kömek edýär. Gonkongyň maliýe ministri Pol Çanyň bellemegine görä, taslama şäherde «Embodied AI» (bedene ornaşdyrylan emeli aň) tehnologiýalaryny gündelik durmuşda ulanmak strategiýasynyň bir bölegi bolup durýar.

Täze söwda nokady bedene ornaşdyrylan emeli aň çözgütlerine ýöriteleşen hytaý kompaniýasynyň daşary ýurtdaky ilkinji taslamasy bolar. Şeýle hem ol Pekindäki «Galaxy Space Capsule» synag dükanynyň dowamydyr. Şol ýerde robot her gün takmynan 1000 müşderä hyzmat edýär. Dükanda dürli ýeňil iýmitler, döredijilik önümleri we reseptsiz satylýan derman serişdeleri hödürlener.
«Sýao Gai» kameralar, ýakynlyk datçikleri we sesi tanamak ulgamy bilen enjamlaşdyrylan. Alyjy ýakynlaşanda robot:
- salamlaşýar we söhbetdeşligi başlaýar;
- aksiýalar hem-de täze önümler barada maglumat berýär;
- harydy saýlamaga kömek edýär we kassada kontaktsyz töleg geçirmäge ýardam edýär;
- dynç alyşsyz, gije-gündiz işleýär.
Kompaniýa Hytaýyň Şanhaý, Şençžen we Guançžou ýaly 10 şäherinde robot-satyjylar bilen üpjün edilen 100 sany kapsula dükany ýerleşdirmegi meýilleşdirýär. Mundan ozal Şwesiýanyň Stokgolm şäherinde emeli aň tarapyndan dolandyrylýan kafe açylandygy habar berlipdi. San-Fransiskodaky Andon Labs startapy Google Gemini tehnologiýasy esasynda işleýän «Mona» atly emeli aň agentini kafeniň ýolbaşçysy hökmünde belledi.

Kafede baristalar öňküsi ýaly müşderilere hyzmat edýärler, emma işgärleri işe almakdan başlap satyn alyşlara çenli ähli dolandyryş kararlary emeli aň tarapyndan kabul edilýär.



