Hytaýyň tehnologiýa giganty Ant Group-yň düzümindäki “Robbyant” atly AI şereketi, robot tehnologiýalaryny we emeli aňy ösdürmek maksady bilen täze “LingBot” seriýasyny tanyşdyrdy. 2026-njy ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda “Embodied AI hepdeligi” çäginde yglan edilen bu modeller, dünýäniň tehnologiýa jemgyýetçiliginde uly seslenme döretdi.
Robbyant, dünýä derejesindäki üç sany güýçli AI modelini açyk kodly (open-source) görnüşinde köpçülige hödürledi. Bularyň arasynda iň üns çekijisi, Google-yň Genie 3 modeline göni bäsdeş bolan “LingBot-World” modelidir.
Modeller barada giňişleýin maglumat:
LingBot-World (Dünýä Modeli):
Bu model, hakyky dünýäni simwulýasiýa edýän “Dünýä Modeli” (World Model) hökmünde tanalýar.
- Aýratynlyklary: Ol sekuntda 16 kadr (16 FPS) tizlikde we 1 sekuntdan az gijikdirme (latency) bilen işleýär. Iň wajyp aýratynlygy bolsa, “uzak möhletli ýat” (long-term memory) ukybydyr; ýagny, wideo döredilende 10 minutdan gowrak wagt geçse-de, şekiller we desgalar bozulman öz durkuny saklaýar.
- Maksady: Oýun döredijiler we robotlary türgenleşdirmek üçin hakyky fizika kanunlaryna laýyk gelýän sanly dünýäleri döretmek.
LingBot-VLA (Robot “Beýnisi”):
”Vision-Language-Action” (Görüş-Dil-Hereket) modeli bolup, robotlaryň “umumy beýnisi” bolup hyzmat edýär.
Synaglarda bu model, π0.5 (Pi-Zero) we GR00T N1.6 ýaly bäsdeşlerinden has ýokary netijeleri görkezdi. Ol robotlara görýän zatlaryna düşünmäge we takyk hereket etmäge kömek edýär.
LingBot-Depth (Giňişleýin Görüş):
Robotlaryň çuňlugy duýmak ukybyny güýçlendirýän model.
Kyn şertlerde, meselem aýna ýa-da ýalpyldaýan ýüzlerde, robotyň ýalňyşmagyny 70% azaldýar.
Ant Group-yň bu ädimi, emeli aňyň diňe bir sanly dünýäde däl, eýsem fiziki robotlar arkaly hakyky durmuşda-da (Embodied AI) nähili çalt ösýändigini subut edýär. Ähli kodlaryň we modelleriň açyk görnüşde GitHub-da paýlaşylmagy, dünýäniň dürli künjegindäki inženerlere bu tehnologiýany mugt ulanmaga mümkinçilik berýär.


