Google Gemini programmasynyň mugt wersiýasy ulanyjylara esasy öndürijilik gurallaryny hödürleýän bolsa, Google AI Plus we Google AI Pro tölegli hyzmatlary has giň tehniki mümkinçilikleri we ösen emeli aň funksiýalaryny elýeterli edýär. Bu hyzmatlar, aýratyn-da işjeň ulanyjylar üçin ulanyş çäklerini ep-esli giňeldýär hem-de şahsylaşdyrylan tejribäni üpjün edýär. Ulanyjylar saýlan hyzmat derejesine görä dürli ulanyş limitlerinden we ösen faýl gaýtadan işlemek mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilýärler.
Ulanyş limitleri we tehniki mümkinçilikler
Gemini programmasy maý aýyndan bäri hasaplaýyş kuwwatyna esaslanýan ulanyş limitleri boýunça işleýär. Bu limitler her 5 sagatdan täzelenýär.
Mugt ulanyjylar adaty limitler bilen çäklenýän bolsa, Google AI Plus meýilnamalary standart limitiň 2 esse, Google AI Pro meýilnamalary bolsa 4 esse ulanyş mümkinçiligini alýarlar.
Faýllary ýüklemekde möhüm ähmiýete eýe bolan kontekst penjiresiniň sygymy hem abonelik derejesine görä tapawutlanýar. Mugt hasaplar 32 000 token bilen çäklenýär. Google AI Plus bu çägi 128 000 tokene, Google AI Pro bolsa 1 million tokene çenli giňeldýär.
Sygymyň artmagy faýl ýüklemek mümkinçiliklerine hem gönüden-göni täsir edýär. Mugt wersiýada wideo faýllarynyň dowamlylygy 5 minut bilen çäklenýän bolsa, Google AI Pro meýilnamasynda bu görkeziji 1 sagada çenli ýokarlanýar.
Edil şonuň ýaly-da, ses faýllary üçin mugt wersiýadaky 10 minutlyk çäkli hyzmatlar üçin 3 sagada çenli giňeldilýär. Mundan başga-da, kod faýllaryny ýükläp işlemek mümkinçiligi diňe tölegli hyzmatlar abonentlere hödürlenýär.
Taslamalary tertiplemek üçin niýetlenen Notebooks aýratynlygy hem has uly mümkinçilikleri döredýär. Mugt ulanyjylar 100 notebook döredip bilýän bolsa, Google AI Plus bilen bu san 200-e, Google AI Pro bilen bolsa 500-e çenli artýar.
Şahsylaşdyrma we ösen mümkinçilikler
Google AI Plus we Google AI Pro töelgli hyzmatlary gündelik işleri ýeňilleşdirýän birnäçe ýörite gurallardan peýdalanyp bilýärler.
Daily Summary (Gündelik jemleme) aýratynlygy Gmail, Google Calendar we Gemini söhbetlerinden alnan maglumatlary seljerip, ulanyja her gün irden şahsylaşdyrylan maglumatlary hödürleýär.
Bu jemlemeler gyssagly üns berilmeli meseleleri öz içine alýan Top of mind we uzak möhletli maksatlara gönükdirilen Looking ahead bölümlerinden ybaratdyr.
Şeýle hem abonentler Nano Banana Pro modeli arkaly şekil döretmekde has ýokary hilli netijeleri gazanyp bilýärler.
Wideo taýýarlamakda Gemini Omni arkaly gepleşige esaslanýan redaktirleme mümkinçilikleri hem diňe tölegli abonentler üçin elýeterlidir.
Scheduled Actions (Meýilleşdirilen hereketler) aýratynlygy ulanyja belli wagtlarda ýa-da kesgitlenen şertlerde awtomatik ýerine ýetirilýän buýruklary döretmäge mümkinçilik berýär.
Bu funksiýa gündelik birža maglumatlaryny yzarlamak, howa maglumaty, dil öwreniş türgenleşikleri ýa-da mazmunyň gysgaça jemlenmesi ýaly dürli ugurlarda ulanylyp bilner.
Tölegli hyzmatlar bir wagtyň özünde 10-a çenli meýilleşdirilen hereketi işjeň ýagdaýda saklap bilýärler.



