“DolphinGemma” diýlip atlandyrylýan model ýönekeý ses “sözlügi” döretmäge kömek edýär — onuň kömegi bilen delfinler bilen aragatnaşyk gurup bolýar.
Google adamlara delfinler bilen hakyky wagtda aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berýän tehnologiýany hödürledi. “DolphinGemma” atly oýlap tapyş, emeli intellektiň esasynda işleýär.
Gözlegleriň netijesi
Delfinler planeter togalagynyň iň akylly jandarlarynyň arasynda hasaplanýar. Ýabany delfin öwreniş taslamasynyň gözlegçileri, çylşyrymly jemgyýetçilik gatnaşyklaryny köp ýyl bäri öwrenýärler. Bu döwürde hünärmenler Bagam adalarynyň golaýyndaky Atlantika delfinleriniň maşgalasyny synladylar we köp sanly audio we wideo şekilini ýygnamagy başardylar. Gözlegçiler soňra sesleri delfinleriň özüni alyp barşyna öwrendiler
Gözlegçiler adamlar bilen delfinleriň arasynda aragatnaşygyň mümkindigine köpden bäri ynanýarlar, ýöne soňky wagta çenli deňiz süýdemdirijilerine mahsus çylşyrymly seslere we impulslara düşünmäge ukyply tehnologiýa ýokdy. Emma emeli intellektiň döremegi bilen hemme zat üýtgedi: DolphinGemma modeli ýönekeý ses «sözlügi» döretmäge kömek edýär — onuň kömegi bilen delfinler bilen aragatnaşyk gurup bilersiňiz.
Tehnologiýanyň mümkinçilikleri
Täze tehnologiýa delfinleriň biri-biri bilen aragatnaşyk saklaýan seslerine düşünmäge mümkinçilik berýär. Dil modeline (LLM) esaslanýar — Google ony Gemini ulgamynda hem ulanýar. “DolphinGemma” modeliniň takmynan 400 million parametri bar we ol ChatGPT ýaly işleýär: ses signallaryny alýar, analiz edýär we indiki sesiň nähili bolup biljekdigi barada maglumat berýär.
Synagyň birinji tapgyrynda delfinleri käbir sesleri halaýan zatlary bilen baglanyşdyrmak üçin türgenleşdirmek meýilleşdirilýär. Alymlar wagtyň geçmegi bilen delfinler oýun oýnamak ýa-da adamlar bilen aragatnaşyk gurmak islänlerinde bu emeli signallary ulanarlar diýip çaklaýarlar
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby
Orazmedowa Jemal