Google, emeli aň dünýäsinde ýene bir rewolýusiýa atdy. “Project Genie” we “Gemini” modellerinden soň, indi sahna Jules çykdy. Jules, ýönekeý bir kömekçi (copilot) däl, ol doly awtonom işleýän bir “kodlaşdyryjy agent” (coding agent). Eýsem, Jules näme edip bilýär we ol näme üçin beýle möhüm?
Jules näme?
Jules, Google-yň Gemini 2.5 Pro we geljekki Gemini 3 modellerine esaslanýan, GitHub bilen göni integrasiýada işleýän akylly agentdir. Ol siziň kodyňyzy diňe bir tamamlamaýar; ol kody okaýar, düşünýär, meýilnama düzýär we tabşyrylan ýumuşlary özbaşdak ýerine ýetirýär.
Esasy aýratynlyklary:
- Asinkron Işleýiş: Siz Jules-e “Bu ýalňyşy düzet” ýa-da “Täze funksiýa goş” diýip buýruk berýärsiňiz we işiňizi dowam edýärsiňiz. Jules arka tarapda (background) işläp, işi gutaranda size habar berýär.
- GitHub Integrasiýasy: Jules, repozitoriýanyzy (kod ammaryny) göni özüne çekip alýar, howpsuz wirtual maşynda (VM) üýtgetmeleri girizýär we işi gutarandan soň Pull Request (PR) açýar.
- Öz-özüni Barlamak (The Critic): 2026-njy ýylyň başynda goşulan “Tankytçy” (Critic) aýratynlygy bilen, Jules ýazan koduny özi barlap, hatalary we howpsuzlyk kemçiliklerini bizden öňürti görýär.
- Ýat (Memory): Jules indi “ýada” eýe. Ol siziň ozalky taslamalaryňyzda nähili stilde kod ýazandygynyzy ýatda saklaýar we indiki işlerinde şoňa uýgunlaşýar.
Jules, programmistleriň işini çalşyrmak üçin däl, eýsem olaryň iň gyn işlerini (test ýazmak, dokumentasiýa düzmek, kiçi hatalary düzetmek) öz üstüne almak üçin döredildi. Bu bolsa, adamzat zehinine diňe döredijilik bilen meşgullanmak üçin wagt berýär. Jules Agendi ulanmak üçin https://jules.google.com/ saýtyna girip görüp bilersiňiz!
Duýduryş: Emeli intellekt gurallarynyň, agentleriň, chatbotlaryň ýalňyş jogap berip (maglumat) biljekdigini we her berilen jogaplary, maglumatlary täzeden barlanyp durmalydygyny ýatladýarys! Hiç zat siziň howpsyzlygyňyzdan üstün däldir.


