Teknologiýa dünýäsinde täze bir öwrülişik başlandy. Öňler diňe hünärmen programmistleriň edip bilýän işlerini, indi Google-yň täze “Opal” platformasy arkaly islendik adam edip bilýär. Eýsem, soňky günlerde adyndan köp söz etdirýän Google Opal näme we ol nähili ulanylýar?
Google Opal Näme?
Google Opal, ulanyjylara adaty kod ýazmak endiklerini talap etmezden, Gemini emeli aň modelleriniň güýjüni ulanyp öz mini-goşundylaryny (mini-apps) we iş akymlaryny döretmäge mümkinçilik berýän täze synag guraldyr. 2025-nji ýylda işlenip başlanan bu platforma, 2026-njy ýylyň fewral aýynda alan täzelenmeleri bilen has akylly we kämil derejä ýetdi. Siz diňe näme isleýändigiňizi ýazýarsyňyz, Opal bolsa ony işleýän bir goşunda öwürýär.
Opal nähili ulanylýar?
Opal-da şahsy goşundyňyzy döretmek gaty aňsat we 3 esasy usul arkaly amala aşyrylýar:
- Tebigy dilde düşündirmek: Opal-a girip, “Maňa islendik temada maglumat gözläp, ony gysgaça jemleýän we netijäni Google Docs-a ýazýan goşundy döret” diýip ýazmagyňyz ýeterlikdir. Emeli aň logiki yzygiderliligi özi gurar.
- Şekil redaktor (Visual Editor): Ekeranda emele gelen ädimleri (girdiler, emeli aňyň işleýşi, çykyşlar) syçanjyk bilen süýräp we birikdirip, akym diagrammasy (flowchart) görnüşinde islegiňize görä üýtgedip bilersiňiz.
- Şablonlary ulanmak (Remix): Beýleki ulanyjylaryň ýa-da Google-yň taýýarlan taýýar goşundylaryny “Galereýadan” alyp, öz zerurlyklaryňyza görä ansaçyklaýyn üýtgedip bilersiňiz.
Kimler üçin peýdaly?
Opal diňe bir inženerler üçin däl. Mazmun döredijiler, mugallymlar, talyplar we gündelik işlerini awtomatlaşdyrmak isleýän işewürler üçin ajaýyp kömekçidir. Täze çykan Gemini 3 integrasiýasy bilen, Opal indi amallary awtomatik ýerine ýetirip, taýýar goşundyňyzy başgalar bilen paýlaşmaga-da mümkinçilik berýär.


