Google, CES 2026 sergisinde Google TV-niň Gemini neýroulgamy bilen integrasiýa ediljekdigini mälim etdi. Bu täzelik ulanyjylaryň telewizor bilen özara gatnaşygy “has düşnükli we peýdaly” etmäge mümkinçilik berer. Şu ýyl çykjak Google TV täzelenmesi arkaly ulanyjylar “Okeý, Google” diýip başlamazdan hem mazmun gözläp, sorag berip bilerler diýip, The Verge ýazýar.
Media mazmunyny gözlemek üçin, meselem: “Disney-den soňky çykan filmler haýsylar?” diýip soramak ýeterlik bolar. Şeýle hem has umumy soraglary bermek mümkin, mysal üçin: “Tomus paslynda Aziýada haýsy ýerleri görmäge maslahat berilýär?” — Google TV bolsa YouTube-dan degişli netijeleri görkezer.
Neýroulgam bilen integrasiýa ulanyjylara “akylly öý” enjamlary bilen hem özara işleşmäge mümkinçilik berer. Mysal üçin, gapy jaňynyň wideo ýazgysyny görmek, yşyklary peseltmek we başga amallary ýerine ýetirmek bolar. Gemini-niň şuňa meňzeş funksiýalary kompaniýa geçen ýyl çykan Google TV Streamer TV-pristawkasyna hem goşupdy.
Google TV-niň Gemini bilen integrasiýasyndan başga-da, kompaniýa öz operasiýa ulgamyny ulanýan telewizorlary uzakdan ses kabul edip bilýän mikrofonlar bilen üpjün eder. Bu bolsa pulty ulanmazdan, göni ses buýruklary arkaly telewizory dolandyrmaga mümkinçilik döreder. Mundan başga-da, Google TV-li telewizorlar ulanyjynyň telewizora golaýlaşandygyny anyklap bilýän ýakynlyk datçiklerini alar. Olar howa maglumaty ýa-da täzelikler ýaly “şahsylaşdyrylan we maglumatly widjetleri” görkezer.
Şeýle hem LG we Samsung kompaniýalary öz telewizorlarynda Microsoft Copilot emeli aň kömekçisini ulanmagy meýilleşdirýändiklerini mälim etdiler.



