Günlik durmuşymyzda käwagt özümizem duýman,
emeli intellekt ulgamlaryndan peýdalanýarys.
Olar haýsylar?Emeli intellekt tehnologiýalary gün-günden has giň gerimde ýaýraýar we durmuşymyzyň ähli ugurlaryna ornaşýar. Bu bolsa, biz özümiz duýman hem, emeli aňy ulanýarys diýmekdir. Geliň, adamlaryň köpüsiniň duýman ulanýan emeli aň ulgamlaryna we olaryň aýratynlyklaryna seredeliň. Telefonlaryň kameralaryndan başlap, internetde edýän gözlegleriňize çenli bu tehnologiýa bilen ýüzbe-ýüz bolýarsyňyz.
Akylly telefon kameralary, surat üýtgediji programmalar

Häzirki wagtda çykýan köp telefonlaryň kameralary eýýäm emeli aň bilen enjamlaşdyrylan. Galaxy S25-den iPhone 17-e çenli täze telefonlaryň hemmesi diýen ýaly emeli aň arkaly wideo we surat düşürmegi gowulandyrýar. Yşyk sazlamasy, portret tertibi, gije tertibi ýaly aýratynlyklarda çuňňur öwreniş esasly şekil işleme modelleri ulanylýar we suratlaryň awtomatiki ýagdaýda has ýokary hilli bolmagy üpjün edilýär. Mysal üçin, iPhone 17 modellerinde kameranyň görýän meýdanyny giňeltmek we ugruny dogry düzetmek üçin emeli aň ulanylýar. Şeýlelik bilen, telefonyňyzyň tutuş ugruny üýtgetmän, giň burçly suratlar düşürip bilýärsiňiz. Diýmek, siz duýman, emeli aňy doly ulanýarsyňyz. Şuňa meňzeş aýratynlyklar Samsung-dan Xiaomi-e çenli birnäçe markanyň soňky ýyllarda çykaran telefonlarynda hem bar.
Gözleg ulgamlary, sesli kömekçiler

Gözleg ulgamlary hem indi emeli aň bilen integrasiýa edilip işläp başlady. Google başda durmak bilen gözleg ulgamlarynda emeli aň bilen işlenip taýýarlanan netijeler ulanyjylara görkezilýär. Biziň ýurdumyzda entek giňden ýaýramasa-da, göni gözleg edeniňizde emeli aň bilen taýýarlanan netijeleri gören bolmagyňyz mümkin. Bu bolsa, siz duýman, emeli aňy ulanýarsyňyz diýmekdir.
Şeýle-de, sesli kömekçilerde hem edil şonuň ýaly ýagdaý bar. Telefonlaryňyzda ulanýan sesli kömekçiler dil modelleri arkaly has kämilleşdirildi. Google-yň Gemini, ChatGPT we beýleki sesli kömekçileri arkaly işleriňizi ýeňilleşdirip bilýärsiňiz, soraglaryňyza jogap tapyp bilýärsiňiz.

Instagram ýaly sosial media platformalaryndan başlap, Spotify ýaly aýdym diňleýän programmalara çenli ähli ýerde size mahsus teklipler düşýändigini görýärsiňiz. Ine, şu teklipler üçin köp kompaniýalar emeli aň modellerinden peýdalanýarlar. Emeli aň, programmalardaky hereketleriňizi seljerip, size iň laýyk mazmunlary görkezmäge çalyşýar. Netflix-de görkezilýän çeper film tekliplerinden Spotify’daky aýdym tekliplerine çenli bu ýagdaý giňden ulanylýar.
Nawigasiýa we kartalar

Günlik durmuşymyzda iň köp ulanýan programmalarymyzyň arasynda nawigasiýa we kartalar bar. Google başda durmak bilen şeýle hyzmatlary hödürleýän kompaniýalar, emeli aň tehnologiýalary arkaly ulanyjy tejribesini ýokarlandyrýarlar. Hakyky wagtda maglumat seljermesi, şahsylaşdyrylan teklipler ýaly ugurlarda emeli aňdan peýdalanylýar. Mysal üçin, Google kartalaryň size golaýda ýol hereketiniň dykyljakdygyny aýdyp bilmegi — emeli aňyň maglumatlara esaslanyp beren çaklamasydyr. Siz muny duýman hem bolsaňyz, bu tehnologiýadan peýdalanýarsyňyz.
Müşderi hyzmatlary

Haýsydyr bir mesele bilen ýüzbe-ýüz bolan wagtymyz kompaniýalaryň müşderi hyzmatlary bilen jaň arkaly ýa-da ýazmaça habarlaşýarys. Ine, bu ýerde hem emeli aň ulanylýar. Köp firma, aýratyn hem ýazmaça ýüz tutmalara jogap bermek üçin emeli aň bilen işleýän söhbet botlaryny ulanyp başlady. Dil modelleriniň örän ösenligi we maksatly taýdan öwredilip bilinýändigi sebäpli, käbir adamlar bot bilen gepleşýändigini duýman bilerler.
Günlik durmuşymyzda ýygy-ýygydan ýüzbe-ýüz bolýan, ýöne duýman ulanýan emeli aň ulgamlarymyzyň käbirini bilelikde gözden geçirdik. Ýakyn wagtda bu san has hem artar we emeli aňy durmuşyň ähli ýerinde görmegimiz mümkin.