Hytaýly alymlar Germaniýanyň kärdeşleri bilen bilelikde robot alakasyny döretdiler. Hakyky alakalaryň arasyndaky gepleşik ýazgylaryny ulanmak arkaly taýýarlanan emeli intellekt bilen enjamlaşdyrylandyr.
Robot hakyky alaka ýaly özüni alyp barmagy öwrendi. Hereketleri ýagdaýa baglylykda üýtgeýär. Robotyň korpusy tigirlerde ýerleşýär. Mundan başga-da, onuň esasy bölegi alakanyň bedenine meňzeýär. Robotda hereketli oňurga bar, kellesi we penjeleri hereket edip biler.
Alnan netijeler alymlary geň galdyrdy. Hakyky alakalar bu hiläni duýmadylar. Roboty öz maşgala agzasy hökmünde kabul etdiler we “duýgularyna” jogap berdiler. Mysal üçin, robot “gaharly” görünse, alakalar gaçdy ýa-da tersine, robot dostlugyny görkezende, asuda göründiler.
Alymlar şeýle robotlaryň haýwanlaryň arasyndaky sosial gatnaşyklary öwrenmek üçin peýdaly bolup biljekdigine ynanýarlar. Mundan başga-da, barlaghanalarda bar bolan şol alakalaryň duýgularyny dolandyrmak üçin ulanylyp bilner.
Sarwinaz Hojaniýazowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby



