HONOR kompaniýasy «Robot Phone» atly täze smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Bu akylly telefon, robot goluna ornaşdyrylan bir kamera moduly bilen üýtgeşik aýratynlyga eýe. Emeli aň (AI) tehnologiýasyna gönükdirilen bu telefon, sarp edijileriň ünsüni özüne çekjek ýaly görünýär.

Huawei kompaniýasyndan aýrylandan soň özüniň täze ösüşleri bilen tapawutlanyp başlan HONOR markasy, bu gezekde täsin bir enjam bilen çykyş etdi. Kompaniýa tarapyndan geçirilen çärede «Robot Phone» diýlip atlandyrylýan täze akylly telefon köpçülige tanyşdyryldy. Bu enjam, HONOR Magic8-iň ýöriteleşdirilen görnüşi bolup, täzeligi bilen köp adamy haýran galdyrdy.

HONOR kompaniýasynyň beren maglumatyna görä, bu smartfon adaty akylly telefonlardan emeli aň bilen işleýän telefonlara geçişdäki nobatdaky ädim hökmünde görkezilýär. Ony üýtgeşik edýän iň esasy aýratynlygy — robot goluna ornaşdyrylan hereketli kamera modulydyr. Bu modul dürli ulanyş ýagdaýlaryna görä sazlanyp bilýär.

HONOR Robot Phone daşky gurşawy duýup bilýän ýörite emeli aň tehnologiýasy bilen enjamlaşdyryldy. Bu tehnologiýanyň kömegi bilen, ulanyjy telefony bir ýerde goýup, telefon bilen göni iş salyşmazdan pursatdan lezzet alyp biler. Ulanyjyny yzarlajak kamera moduly, wideo ýazgy prosesini doly awtomatlaşdyrar. HONOR, ulanyjylaryň bu kamera modulyny paraşýutdan bökmek ýa-da eşik saýlamak ýaly has dinamiki meseleler üçin ulanyp biljekdigini aýdýar.

HONOR Robot Phone akylly telefonynyň hereketli kamera moduly onuň ýeke-täk aýratynlygy däl. Emeli aň bilen dolandyrylýan meseleler bilen utgaşýan telefon, HONOR tarapyndan MagicOS bilen hödürlenýän emeli aň aýratynlyklaryny goldar.

Bu täsin aýratynlyklary bolan smartfonyň ähli aýratynlyklary häzirlikçe doly belli däl. Şeýle hem onuň umumy bazara çykyp-çykmajakdygy entek anyk däl. Ýeri gelende aýtsak, HONOR kompaniýasy «Robot Phone» atly akylly telefonynyň resmi tanyşdyrylyşyny 2026-njy ýylda Barselonada geçiriljek MWC (Mobile World Congress) sergisinde geçirjekdigini mälim etdi. Şol ýerde Robot Phone smartfonynyň beýleki aýratynlyklary hem aýan bolar.



