«Humane» startapy täze «AI Pin» tehnologiýasynyň smartfonlaryň ýerini tutup biljekdigini mälim etdi. Bu barada «ixbt.com» internet neşiri habar berdi.
«Apple» kompaniýasynyň ozalky inženerleri Imran Çaudri we Beatni Bonjorno tarapyndan esaslandyrylan «Humane» startapy täze «AI Pin» tehnologiýasyny şu ýylyň mart aýynda çykardy we smartfonlaryň ýerini tutup biljek bu önümiň noýabr aýynda 700 dollar baha bilen satuwa goýberiljekdigini aýtdy.
«Akylly» gülýaka – agramy bary-ýogy 54 grama deň bolan, eşige dakylýan enjamdyr. Onda 13 megapiksellik kamera, «OpenAI GPT-4» tehnologiýasy we «Microsoft» kompaniýasynyň emeli intellekt ulgamy ornaşdyrylandyr. Onuň tehniki düzümleri barada belläp geçsek, täze önümde kristal reňkli «Qualcomm Snapdragon» ulgamy, 4 gigabitlik operatiw ýat we 32 gigabitlik hem hemişelik ýat ornaşdyrylandyr. Ykjam aragatnaşygyndan we emeli intellektiň görnüşlerinden peýdalanma üçin enjamyň nomeriniň bolmagy hem-de onuň «T-Mobile» toruna birikdirilmegi wajypdyr.
«AI Pin-iň» esasy aýratynlygy onuň lazer şöhlelenmesi arkaly işlemegidir. Şekiller ulanyjynyň eliniň aýasyna çykarylyp, fotosurat, terjime we beýleki hyzmatlar üpjün edilýär. Täze enjam dürli yşaratlary we ses buýruklaryny ulanyp, özara täsirleşmäge mümkinçilik berýär. Munuň üçin hiç-hili programma gurnamagyň zerurlygy ýok. Innowasion «Cosmos» operasiýa ulgamy degişli gurallary ulanyp, ulanyjylaryň isleglerini awtomatiki usulda ugrukdyrýar.