Hytaýyň alymlary Şanhaý şäherinde ýurduň ilkinji doly bedene ornaşdyrylan, simsiz we köpugurly, öz içinde batareýasy bolan beýni-kompýuter interfeýsi önüminiň synagyny üstünlikli tamamladylar.
Fudan uniwersitetiniň Huaşan hassahanasynda üstünlikli geçirilen synag halkara derejesinde ikinji ulgam bolup, sekiz ýyldan bäri ysmaz keselinden (egninden aşaky bedeniň ysmazlygy) ejir çekýän 28 ýaşly näsag üçin täze umyt döretdi.
Beýni-kompýuter interfeýsiniň enjamyny ulanýan näsag indi diňe pikir arkaly kursory dolandyryp, internet sahypalaryna göz aýlap, oýunlary oýnap, şeýle hem howa ellikleri, maýyplaryň ýokary tehnologiýaly oturgyjy we öý ulgamlary, hatda adam şekilli robotlar ýaly dürli enjamlar bilen baglanyşyp bilýär. Bu barada önümiň işlenip taýýarlanylmagyna gatnaşan NeuroXess atly Hytaý taslamasynyň esaslandyryjysy we baş alymy Tao Hu habar berdi.
Beýni-kompýuter interfeýsiniň ulgamynyň ähli esasy görnüşleri, şol sanda batareýasy hem, doly görnüşde näsagyň bedenine ornaşdyrylyp, deriniň ýüzünde hiç hili daşky sim ýa-da port bolmaýar.
Alymlaryň bellemegine görä, şeýle usul açyk gurşawlara mahsus bolan ýokanç keselleriň ýokuşmak howplaryny aradan aýyrýar. Simsiz energiýa üpjünçiligi we maglumat geçiriji tehnologiýalaryň utgaşdyrylmagy netijesinde, bu ulgamy ulanýan näsag gündelik durmuşynda hiç hili daşky enjama zerurlygy bolman, pikir arkaly edil häzirki wagt tertibinde aragatnaşyk edip bilýär.
Ylmy – barlag topary ylmy işleriň çäklerini giňeltmegi we ilkinji nobatda sözleýiş ukybyny ýitiren näsaglar üçin beýni-kompýuter interfeýsi esasynda hödürlenýän çözgütleri ileri tutmagy meýilleşdirýär. Bu tutum bolsa olaryň ýitiren gepleşik ukyplaryny täzeden dikeltmegi maksat edinýär.



