«iPhone 17» seriýasynyň satuwy Hytaýda rekord derejä ýetdi. Diňe bir aýyň içinde 5,3 million enjam satyldy. Bu satuwlaryň ýarysyna golaýy «iPhone 17 Pro Max» modeline degişlidir.
«Apple» kompaniýasynyň «iPhone 17» akylly telefony Hytaýda örän uly isleg bilen satylýar. Meşhur maglumat neşiri «Digital Chat Station»-nyň beren habaryna görä, bu seriýanyň satuwa çykarylaly bäri ýurtda jemi 5,3 million iPhone 17» enjamy satyldy. Bu satuwyň ýarysyndan gowragy gürrüňi edilýän seriýanyň iň ýokary modeli bolan «iPhone 17 Pro Max»-e degişlidir. Bu modeliň jemi satylan enjam sany 2,52 milliona ýetipdir; olaryň 800 müňden gowragy bolsa diňe soňky bir hepdäniň dowamynda satylypdyr.
Hytaýda satylan «iPhone 17» smartfonynyň jemi sany (19-nji oktýabr ýagdaýyna görä)
- «iPhone 17 Pro Max»: 2,52 million
- «iPhone 17 Pro»: 1,67 million
- «iPhone 17»: 1,1 million
Şeýle-de, iň inçe görnüş hökmünde tanadylan« iPhone Air» modeli geçen gün Hytaýda satuwa çykaryldy, emma onuň satuw netijeleri entek paýlaşylanok.

Görşüňiz ýaly, «iPhone 17 Pro Max» satuwlaryň jedelsiz lideri boldy. Bu model tutuşlygyna alýumin garyndysyndan ýasalan berk korpusy, täze mämişi (nar) reňk warianty, aýna arka paneli we MagSafe goldawy bilen ulanyjylaryň uly gyzyklanmasyny gazandy.
Model öz güýjüni «Apple A19 Pro» prosessoryndan alýar we ösen bug kamerasyny sowatmak ulgamy bilen goldanýar. Kamera tarapynda-da wajyp täzelikler bar. «iPhone 17 Pro» seriýasynyň ähli modelleri täze bir telefoto linzasy hem-de her biri 48 megapiksel bolan üç sany sensor bilen enjamlaşdyrylandyr.



