Kawasaki Corleo robotlaşdyrylan moto-at taslamasynyň prototipini tanyşdyrdy.
Osaka Kansai Expo sergisinde Kawasaki kompaniýasy Corleo atly robotlaşdyrylan moto-atyň konseptual modelini görkezjekdigini yglan etdi. Bu enjamda münmek bolýar — ol göçüp, çapyp we böküp, çylşyrymly ýerlerde hereket edip bilýär.
Kawasaki Corleo 150 kub santimetrli wodorod hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylan bolup, ol elektrik energiýasyny öndürýär. Wodorod yzky böleginde ýerleşdirilen kanistrlerden berilýär. Alnan elektrik energiýasy dört aýagyň hersinde ýerleşdirilen hereketlendiriji mehanizmleri iýmitlendirýär.
Robo-at maglumat paneli bilen üpjün edilendir. Ol wodorodyň derejesini, depä barýan ugruny, agyrlyk merkeziniň ýagdaýyny we beýleki maglumatlary görkezýär. Gijelerine enjam ýol ýüzüne ýörite belgileri proýeksiýa edip, öňe barýan ugruny görkezmek bilen amatly sürüşi hem goldaýar.
Corleo-nyň yzky aýaklar toplumy öňki aýaklardan garaşsyz ýagdaýda ýokary-aşak hereket edip bilýär. Bu ýöreýän ýa-da çapýan wagtynda urgy täsirlerini siňdirmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem basgançaklardan çykylýan wagtynda sürüji bedeniň durnukly ýagdaýyny saklap bilýär we ýokaryk-aşak silkinmeýär.
Ulanyjy enjamy beden agramyny üýtgetmek arkaly hem dolandyryp bilýär. Bu agram aýak goýulýan ýerlerdäki we rulda ýerleşdirilen datçikler tarapyndan kesgitlenýär. Şeýle-de, üzeňňiniň (rulyň) uzynlygyny üýtgetmek arkaly sürüji özi üçin iň amatly ýagdaýy saklap bilýär.
Robo-atynyň dört aýagy ýörite gurluşly rezin we materialy açyklanmaýan “toýnaklar” bilen üpjün edilendir. Olar ýerüsti näsazlyklary siňdirýär we süýşmeginiň öňüni alýar. Bu toýnaklar dürli ýerlere — çemenliklere, gaýaly ýerlere we çagylly meýdanlara uýgunlaşyp bilýär.
Kompaniýanyň beýanyndan:
«Kawasaki tarapyndan hödürlenýän “rewolýusion off-road” şahsy ulag serişdesi ajaýyp ähli ýerden geçiş mümkinçiliklerini berýär. Dört robotlaşdyrylan aýagyň hereketi Kawasaki motosikllerine mahsus dolandyrylyş we durnuklylyk bilen utgaşýar.
Sürmegiň şatlygyny saklap, bu ulag adam bilen maşynyň arasynda ruhlandyryjy bitewüligi gazanmak üçin sürüjiniň hereketlerini yzygiderli yzarlaýar. Daglary ýeňiň, arassa howadan dem alyň we panoramaly görnüşlerden lezzet alyň. Corleo size açyk howada “herekete bolan hyjuwyňyzy” açmaga mümkinçilik bersin» — diýip Kawasaki-de düşündirdiler.



