Google kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Larri Peýj emeli aň (EA) ulgamynyň täze wersiýasy Gemini 3 çykandan soň, şahsy baýlygy boýunça dünýäde ikinji adam boldy. Bu barada Forbes halkara işewürlik žurnaly habar berdi.
Geçen aýda EA modeliniň çykmagy diňe bir hünärmenleri däl, eýsem kompaniýanyň esasy bäsdeşi OpenAI-i hem haýran galdyrdy. Netijede, Alphabet-iň paýnamalarynyň bahasy taryhy iň ýokary derejä ýetip, şu hepde hem ösmegini dowam etdirdi.
Geçen aýda Google kompaniýasynyň paýnamalary 6,28% gymmatlady, bazar ýapylandan soň bolsa olaryň bahasy ýene 2,65% ýokarlandy. Şonuň netijesinde Larri Peýjiň baýlygy 255 milliard dollara ýetdi. Onuň egindeşi Sergeý Brin bolsa Jeff Bezosdan öňe geçip, 236,4 milliard dollar bilen dördünji orny eýeledi.
Peýj bilen Brin Google kompaniýasyny 1998-nji ýylda esaslandyrdy. Häzirki günde olar B klasynyň paýnamalarynyň 87,9%-ine eýeçilik edýär we olaryň her biri çözgüt kabul edende 10 ses berýär. Soňky ýyllarda Brin paýnamalary işjeň satyp, haýyr-sahawata bagyş etdi. Häzir onuň 362,7 million, Peýjiň bolsa 389 million paýnamasy bar. Bu tapawut Peýjiň Forbes reýtinginde Brinden näme üçin öňe geçendigini düşündirýär.
Üçünji orunda 248,8 milliard dollar bilen Oracle kompaniýasynyň egindeş esaslandyryjysy Larri Ellison galdy. Onuň baýlygy geçen ýylyň 10-njy sentýabryndan bäri bazar bahasynyň, takmynan, 43%-ini ýitiren Oracle kompaniýasynyň paýnamalaryna bagly.
Deňeşdirmek üçin, Google kompaniýasynyň paýnamalary geçen ýylyň 1-nji awgustyndan bäri 67% ýokarlandy. Muňa diňe bir Gemini 3-üň üstünligi däl, eýsem üçünji çärýekdäki maliýe görkezijileri-de ýardam etdi: bulut segmentiniň girdejisi 34% ýokarlandy. Alphabet çärýegiň jemi boýunça 100 milliard dollardan gowrak gazandy.



