CES 2026 sergisinde Lenovo kompaniýasy ilkinji gezek IFA 2024-de konsept hökmünde görkezilen «ThinkBook Plus Gen 7 Auto Twist» modeliniň görnüşini resmi taýdan hödürledi. Enjamyň esasy innowasiýasy — 14 dýuýmlyk ekranyň ýagdaýyny awtomatik dolandyrýan motorly birleşdirijidir.
Gurnalan emeli aňyň kömegi bilen noutbuk ulanyjynyň hereketlerini yzarlaýar we ekranyň gyşarma hem-de öwrülme burçuny adamyň durşuna ýa-da ulanylýan wagtynda otagyň içindäki hereketine görä sazlaýar. Akylly ulgam hatda ýönekeý yşaratlara hem seslenýär: meselem, enjamyň gapagyna çalaja kakylsa, ol awtomatik açylýar.
Auto Twist wideoşekilli maslahatlar üçin hem öňdebaryjy mümkinçilikleri hödürleýär. Ulgam gepleşigi hakyky wagt tertibinde terjime etmegi goldaýar we ekrany otagdaky her bir gürleýän adama tarap öwürýär. Tehnikasy flagman derejesinde: noutbuk 120 Gs täzeleniş ýygylygy bolan 2,8K OLED-paneli bilen enjamlaşdyrylan we iň täze Intel Core Ultra 300 seriýaly prosessorlarynda işleýär. Ýady 32 Gbaýt çalt işleýän DDR5-9600 operatiw ýady we 2 Tbaýt çenli PCIe 4.0 SSD saklaýjysyny öz içine alýar.
Çylşyrymly gurluşyna garamazdan, enjam ýeňilligini saklap galypdyr: noutbugyň agramy bary-ýogy 1,4 kg. Täze önümiň düzümine 10 megapikselli web-kamera, dört sany dinamik, Wi-Fi 7 goldawy we iki sany Thunderbolt 4 porty degişlidir. 75 Wt·sag sygymly akkumulýator uzak wagtlap işlemäge mümkinçilik berýär. Lenovo ThinkBook Plus Gen 7 Auto Twist 2026-njy ýylyň iýunynda satuwa çykar, onuň başlangyç bahasy 1649 dollar bolar.




