Soňky ýyllarda emeli intellektiň mümkinçilikleri diňe bir işewürlikde däl, eýsem kiberhowpsuzlyk ulgamynda hem çalt ösýär. Häzirki wagtda diňe goragçylar däl, eýsem kiberjenaýatçylar hem emeli intellektden peýdalanýar. Şonuň üçin iri tehnologiýa kompaniýalary täze gorag ulgamlaryny döretmäge aýratyn üns berýär.
MAI-Cyber-1-Flash näme?
Micosoft MAI-Cyber-1-Flash atly ilkinji ýöriteleşdirilen emeli intellekt modelini hödürledi. Bu model uly we çylşyrymly programma kodlarynda howpsuzlyk gowşaklyklaryny tapmak üçin döredildi.
Model kompaniýanyň MDASH atly howpsuzlyk gurallary bilen bilelikde işleýär. MDASH programma üpjünçiligindäki kemçilikleri ýüze çykarmaga, olary seljermäge we düzetmäge kömek edýär.
Microsoft-yň maglumatyna görä, täze model diňe bir has güýçli bolman, eýsem beýleki meşhur çözgütlerden has tygşytly hem hasaplanýar.
Perception platformasy hödürlendi
Microsoft täze Perception atly agent esasly kiberhowpsuzlyk platformasyny hem tanyşdyrdy.
Bu ulgam dürli emeli intellekt agentlerinden peýdalanyp:
- programma üpjünçiligindäki kemçilikleri tapýar;
- howplary seljerýär;
- howpsuzlyk meselelerini ileri tutulýan derejelere bölýär;
- kemçilikleri düzetmäge kömek edýär;
- gorag çärelerini awtomatlaşdyrýar.
Platforma MDASH ulgamy bilen hem doly utgaşdyrylyp işleýär.
Üç görnüşli AI topary
Perception platformasynda üç dürli emeli intellekt topary bilelikde işleýär.
Gyzyl topar (Red Team) mümkin bolan kiberhüjümleri simulýasiýa edip, haýsy gowşak ýerleriň ulanylmagy ähtimaldygyny görkezýär.
Gök topar (Blue Team) ýüze çykarylan kemçilikleri tapýar, seljerýär we olaryň ileri tutulýan derejesini kesgitleýär.
Ýaşyl topar (Green Team) bolsa tapylan kemçilikleri düzetmek hem-de gorag çärelerini awtomatiki ýerine ýetirmek bilen meşgullanýar.
Şeýle çemeleşme howpsuzlyk boýunça köp sagat dowam edýän el işleriniň birnäçe minutyň içinde ýerine ýetirilmegine mümkinçilik berýär.
Microsoft: AI bilen AI-a garşy göreşmeli
Microsoft AI bölüminiň ýolbaşçylarynyň bellemegine görä, häzirki wagtda kiberjenaýatçylar emeli intellekti işjeň ulanýarlar. Şonuň üçin gorag ulgamlary hem şol bir tizlikde emeli intellekte daýanmalydyr.
Kompaniýanyň pikiriçe, Perception platformasy diňe bir kemçilikleri tapmak bilen çäklenmän, eýsem olary düzetmek, degişli kod üýtgetmelerini taýýarlamak we gorag derejesini ýokarlandyrmak ýaly işleri hem ýerine ýetirýär.
Güýjeýän bäsdeşlik
Microsoft-yň täze çözgüdi emeli intellekt esasly kiberhowpsuzlyk bazaryndaky bäsdeşligi has-da güýçlendirýär.
Soňky aýlarda Anthropic kompaniýasy Mythos atly howpsuzlyk platformasyny, OpenAI bolsa Daybreak taslamasyny hödürledi. Şeýlelikde Microsoft hem bu ugurda öz çözgüdini resmi taýdan işe girizdi.
Kompaniýanyň maglumatyna görä, Perception platformasynyň ilkinji synag görnüşi 2026-njy ýylyň 3-nji noýabrynda elýeterli bolar.


