Meta kompaniýasy Ýewropa Bileleşiginde Ray-Ban ekranly akylly äýneklerini satuwa çykarmagy meýilleşdiripdi, emma akkumulýatorlara, emeli aň funksiýalaryna degişli täze sebit kadalary we önümçilik kuwwatynyň çäklidigi sebäpli taslamanyň bökdelmek töwekgelçiligi bar diýip Bloomberg habar berýär.
Häzirki wagtda Ray-Ban Meta akylly äýnekleri diňe ABŞ-da satylýar; sosial ulgam ägirdi olary Ýewropa Bileleşiginde (ÝB) satuwa çykarmak isleýär, emma muňa birbada birnäçe faktor päsgel berýär. Önümçilik kuwwatynyň ýetersizliginden başga-da, bu ýerdäki emeli aň we ykjam enjamlaryň akkumulýatorlary baradaky ýerli kadalar bökdençlik döredýär. 2027-nji ýyla çenli sebitde satylýan enjamlar aýrylyp-dakylýan batareýalar bilen üpjün edilmeli bolar, bu bolsa öndürijileriň işini ep-esli kynlaşdyrýar: aýrylyp-dakylýan akkumulýator üçin gapak goşmaça ýer tutýar, şol sebäpli batareýanyň göwrümini azaltmaly ýa-da beýleki ylalaşyklara (kompromislara) gitmeli bolunýar.
Häzirki wagtda Meta ýewropaly resmi adamlar bilen gepleşikler geçirip, özüniň we beýleki kompaniýalaryň markalary astyndaky akylly äýnekler kategoriýasy üçin kadadan çykma gazanmaga çalşyryar. ABŞ-nyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisi Endrýu Puzder (Andrew Puzder) bu barada aýdandan soň, mesele jemgyýetçilige mälim boldy. Meta-nyň wekili gijikmäni ekranly akylly äýnekleriň gorlarynyň entek azdygy bilen düşündirdi — kompaniýa ABŞ-daky islegi kanagatlandyrmak üçin Beýik Britaniýa, Fransiýa, Italiýa we Kanadanyň bazarlaryna çykmagy yza süýşürmek kararyna geldi. Şeýle hem, Meta ykjam enjamlaryň batareýalaryna degişli kadanyň garşysyna çykdy — kompaniýanyň pikiriçe, bu kada ähli dakynylýan gadžetlere: äýneklere, sagatlara, gulaklyklara we eşige dakylýan emeli aň enjamlaryna zyýan ýetirer.
Ýewropa kanunlary sebäpli Apple Intelligence funksiýalar paketiniň sebitde ornaşdyrylmagyny birnäçe aý yza süýşürmeli boldy. Meta üçin akylly äýnekler emeli aň ulgamynda kompaniýany öňe sürmegiň iň möhüm ugurlarynyň biridir. Meta we onuň hyzmatdaşy EssilorLuxottica (Ray-Ban brendiniň eýesi) bu önüm boýunça uly meýilnamalary bar — 2026-njy ýylda olar islegiň artmagyna garaşýarlar we önümçilik kuwwatyny iki esse artdyrmagy niýet edinýärler. Şeýle hem, Meta Ispaniýanyň Prada kompaniýasy bilen onuň brendi astynda bilelikde önüm çykarmak barada gepleşikler geçirýär.



