Maglumatlara görä, tölegli abunalygy bolan «Facebook» we «Instagram» ulanyjylary öz «hekaýalaryny» 24 sagatdan has köp wagtlap saklap bilerler. Meta kompaniýasy 2026-njy ýylyň 27-nji maýyndan başlap özüniň üç sany platformasynda — «Facebook»-da, «Instagram»-da we «WhatsApp»-da tölegli «Plus» abunalyklaryny işe girizdi. Bu barada «TechCrunch» internet neşiriniň täzeliklerinde habar berilýär.
Abuna bolan ulanyjylar ýazgy paýlaşmak üçin goşmaça mümkinçiliklere, giňeldilen daşky görnüş sazlamalaryna we başga-da birnäçe aýratynlyklara eýe bolarlar. Meta kompaniýasynyň önüm ugry boýunça direktory Naomi Gleýt geljekde has gyzykly funksiýalaryň (aýratynlyklaryň) hödürlenjekdigini wada berdi.
Bahalary we esasy aýratynlyklary
Instagram Plus we Facebook Plus: Aýlyk bahasy $3,99.
WhatsApp Plus: Aýlyk bahasy $2,99.
Instagram Plus we Facebook Plus ulanyjylaryna 24 sagatdan uzak möhletli hekaýalary çap etmäge we çäklendirilmedik mukdarda abunaçylar sanawyny («ýakyn dostlar» aýratynlygyndan başga) döretmäge şert döredýär. Şeýle hem ulanyjylar her hepde has köp adama görkezilmegi üçin aýratyn bir hekaýany saýlap bilerler.
Mundan başga-da, abuna eýeleri:
Öz ýazgylaryny esasy sahypalardan (lentalardan) gizläp bilerler;
Görenleriň sanawynda görünmezden, başgalaryň hekaýalaryny synlap bilerler;
Goşmaça reaksiýalary (reations) ulanyp bilerler;
Giňeldilen hekaýa statistikasyna we goşmaça şahsy sazlamalara elýeterlilik gazanarlar.
Öz gezeginde, WhatsApp Plus ulanyjylary has köp çaty ýokary berkidip bilerler we giňeldilen sanaw sazlamalaryndan peýdalanyp bilerler. Şeýle hem olar üçin ýörite bezeg temalary, jaň seslerini üýtgetmek mümkinçiligi we premium stikerler elýeterli bolar.
Meta Verified we täze emeli aň tarifleri
Kompaniýanyň bellemegine görä, bu täze teklipler 2023-nji ýylda işe girizilen $15-lyk Meta Verified abunalygynyň ýerini tutmaýar. Ol ulanyjylara şahsyýeti tassyklamaga we gök bellijik (verification badge) almaga mümkinçilik bermegi dowam edýär.
Mundan daşary, Meta emeli aňa esaslanýan hyzmatlaryň ulanyjylary üçin hem tölegli tarifleri işe girizmäge taýýarlanýar:
Meta One Plus: Aýlyk $8
Meta One Premium: Aýlyk $20
Iýun aýyndan başlap, bu tarifler Singapurda, Boliwiýada we Gwatemalada synag hökmünde hödürlener. Iki wariant hem meňzeş funksiýalar toplumyny öz içine alýar, emma Premium meýilnamasy çylşyrymly soraglar üçin has güýçli hasaplama kuwwatyndan peýdalanmaga şert döredýär. «TechCrunch» internet neşiriniň bellemegine görä, bu ýagdaý Meta AI-de «pikirleniji» (reasoning) rejiminden peýdalanmak üçin goşmaça mümkinçilikleriň boljakdygyny aňladýar.
Işewürler we mazmun döredijiler üçin tarifler
Meta One tarapyndan hödürlenýän ýene iki sany tarif işewürlere we mazmun döredijilerine gönükdirilendir. Olar Saud Arabystany, Taýland we Bangladeş ýaly ýurtlarda synag tapgyrynda işläp başlar:
Essential tarifi ($15): Ulanyjylar bu abunalygy tassyklap, öz profillerine başga hasaplaryň we sahypalaryň salgylaryny (ssylkalaryny) goşup bilerler.
Advanced tarifi ($50): Bu baha ýokarkylardan başga-da ulanyja «Facebook» we «Instagram» gözleglerinde has ýokary orunlary eýelemäge, lentalardaky görünme ýerliligini gowulandyrmaga we giňeldilen seljerme hasabatlaryny almaga mümkinçilik berer.



