Microsoft soňky çärýekde girdejiniň 17 göterim ýokarlanmagy bilen 81,3 milliard dollar gazandy, arassa girdeji bolsa 21 göterim ýokarlanyp, 38,3 milliard dollara ýetdi we bulut segmentindäki girdeji rekord derejä ýetip, 50 milliard dollardan geçdi. Şeýle-de bolsa, bularyň hemmesi korporasiýanyň paýnamalarynyň 10% arzanlamagyna we bazar gymmatyny 357 milliard dollar azaltmagyna päsgel bermedi. Microsoft kompaniýasynyň başlygy, Copilot AI hyzmatynyň ulanyjylaryň arasynda hakykatdanam isleglidigini kepillendirýär.
Häzirki maliýe ýarym ýylynda Microsoft kompaniýasynyň kapital çykdajylary öňki maliýe ýylynyň dowamynda edilen çykdajylara golaý boldy: degişlilikde 88,2 mlrd dollar we 72,4 mlrd dollar. Munuň özi investorlaryň bu çykdajylaryň netijeliligi barada soraglar bermeginiň doly esaslydygyny görkezýär. Mundan başga-da, bu serişdeleriň bir bölegi OpenAI we Anthropic ýaly emeli aň (AI) startaplaryny goldamaga gönükdirilýär. Investorlary iň köp lapykeç eden ýagdaý bolsa Azure we Microsoft 365 ugurlary boýunça girdejiniň diňe çäkli derejede ösmegi boldy.
Baş direktory Satýa Nadellanyň (Satya Nadella) aýtmagyna görä, Copilot AI-niň gündelik ulanyjylarynyň sany ýyllyk deňeşdirme boýunça, bu çözgüdiň Microsoft-yň beýleki hyzmatlaryna integrasiýa edilen ähli görnüşleri hasaba alnanda, diýen ýaly üç esse artdy. Geçen ýylky ýyllyk hasabatda kompaniýa Copilot-y her aý 100 milliondan gowrak müşderiniň ulanýandygyny habar beripdi, emma bu statistika sarp ediji we täjirçilik segmentlerini bilelikde öz içine alýardy.
Programma kody ýazmak üçin niýetlenen GitHub Copilot atly emeli aň agenti ugrunda Microsoft bir ýylyň dowamynda işjeň ulanyjylaryň sanyny 75 % ýokarlandyryp, tölegli abunaçylaryň sanyny 4,7 milliona ýetirdi. Geçen ýyl bolsa mugt ulanyjylar bilen bilelikde olaryň umumy sany 20 million adama barabar boldy. Microsoft 365 segmentinde 450 million tölegli iş orunlarynyň takmynan 15 milliony Copilot hyzmatyna degişlidir we bu orunlar üçin tölegi korporatiw müşderiler öz işgärleriniň adyndan töleýärler.
Lukmançylyk ugrunda ulanylýan emeli aň hyzmaty Dragon Copilot-yň ornaşdyrylmagy hem barha artýar. Häzirki wagtda bu hyzmat 100 müň lukmançylyk edarasynda elýeterlidir. Geçen çärýekde onuň kömegi bilen 21 million näsag ýüz tutmasy işlenip taýýarlandy, bu bolsa geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende üç esse köpdür. Microsoft-yň ýolbaşçylygynyň aýtmagyna görä, emeli aň hyzmatlaryna bolan isleg şeýle bir ýokary welin, täze işe girizilýän hasaplaýyş kuwwatlarynyň ählisi, hatda olaryň ýetmezçiligi bar bolan ýagdaýynda-da, hyzmat ediş möhletiniň ahyryna çenli degişli zerurlyklar üçin öňünden bron edilýär.



