Microsoft Copilot+ kompýuterlerine islegi artdyrjak bolup, tötänden Apple Mac satuwlarynyň ösmegine sebäp boldy.
2025-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Windows 10 operasion ulgamynyň goldawy tamamlanandan soň, ulanyjylar köpçülikleýin ýagdaýda Mac kompýuterlerine geçip başladylar. Bu ýagdaý Microsoft-yň täze emeli aň bilen enjamlaşdyrylan Copilot+ kompýuterlerini mahabatlandyrmak boýunça edýän tagallalaryna garamazdan ýüze çykdy. Tom’s Hardware neşiriniň Counterpoint Research seljerme kompaniýasyna salgylanyp habar bermegine görä, Mac kompýuterleriniň satuwy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 14,9 % ýokarlandy.
Hasabata görä, 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginde kompýuterleriň umumy satuwy ýyllyk hasapda 8,1 % artdy. Bu ösüş iki esasy sebäbe daýanýar:
1. Windows 11 bilen gabat gelmeýän köne enjamlaryň çalşylmagy (köp kompýuterleriň TPM 2.0 modulynyň ýoklugy sebäpli täzelenip bilmeýändigi),
2. ABŞ-nyň prezidenti Donald Trump-yň administrasiýasy tarapyndan girizilmegi garaşylýan ýokary import salgytlaryna taýýarlyk hökmünde kompaniýalaryň önümleriň ätiýajyny döretmegi.
Mac satuwlarynyň artmagyna garamazdan, iň ýokary ösüş görkeziji Lenovo kompaniýasynda boldy — satuwlar 17,4 % ýokarlandy. Asus 14 %, HP bolsa 10 % ösüş gazandy. Şol bir wagtda ösüşde Dell 0,9 %, beýleki öndürijiler bolsa umumylykda 3 % pese düşdi.
Emeli aňly kompýuterler (AI PC), bir ýyldan gowrak wagt bäri hödürlenýän bolsa-da, giň bazarda entek uly islege eýe däl. Satyn alyjylar henizem kompýuterleri adaty ölçegler boýunça — operatiw ýadyň möçberi, disk kuwwaty we utgaşyklylyk ýaly häsiýetler boýunça saýlaýarlar. Şeýle-de bolsa, Intel kompaniýasynyň Raptor Lake seriýaly prosessorlaryna isleg artmagyny dowam edýär.
Counterpoint Research kompaniýasy 2025-nji ýylda AI PC enjamlarynyň satuwynyň ösüşini çaklady hem-de munuň esasy sebäbini täze Qualcomm Snapdragon X2 Elite çipleriniň çykmagy we Intel Xe3 grafiki arhitekturasyndaky ösüşler bilen häsiýetlendirdi. Bilermen Deýwid Naranhonyň (David Naranjo) belleýşi ýaly, 2025-nji ýylda kompýuter bazarynyň dikeldilmegi diňe köne ulgamlaryň çalşylmagy bilen däl, eýsem geljekki tehnologiýa talaplaryna taýýarlyk bilen hem baglanyşykly. Mysal üçin, köp kärhanalar häzirki wagtda hem emeli aň bilen utgaşykly kompýuterleri saýlap, enjamlarynyň uzak möhletleýin ähmiýetini üpjün etmäge çalyşýarlar, hatda emeli aň funksiýalary häzirlikçe doly ulanylmaýan hem bolsa, bu ugurda iş alyp barýarlar.



