Microsoft-yň emeli aň ugrundaky bäsleşigi has-da gyzyşýar. Kompaniýa, “MAI Superintelligence” topary tarapyndan işlenip düzülen we tekst, ses, surat öndürmäge ukyply bolan üç sany täze esasy emeli aň modelini (foundation model) resmi taýdan tanyşdyrdy. MAI-Transcribe-1, MAI-Voice-1 we MAI-Image-2 atly bu modeller indi Microsoft Foundry platformasynda ulanyjylara we işläp düzüjilere (developer) elýeterli edildi.
Täze emeli aň modelleri nämeleri hödürleýär?
Kompaniýanyň tanyşdyran bu täze üçlügi, sanly döredijilik we ofis işleri üçin düýpli özgerişlikleri wada berýär:
MAI-Transcribe-1 (Sesi tekste öwürmek): Bu model Microsoft-yň Azure Fast hyzmatyndan 2,5 esse has çalt işleýär. 25 dürli dilde gürrüňleri tekste geçirip bilýär. Esasy aýratynlygy; kafe, ofis ýa-da konsert ýaly goh-galmagally we pes hilli ses ýazgylarynda hem ýokary takyklykda işlemegidir. Podkastlary, ýygnaklary ýazga geçirmek we anlyk (real wagtly) terjimeler üçin niýetlenendir.
MAI-Voice-1 (Ses öndürmek): Ulanyjylara diňe 1 sekundyň içinde 60 sekuntlyk ýokary hilli ses öndürmäge we düýbünden täze, şahsylaşdyrylan sesleri döretmäge mümkinçilik berýär.
MAI-Image-2 (Surat öndürmek): Fotorealizm (hakyky surat ýaly) babatynda uly ösüş gazanan bu model, tebigy yşyklandyryş we deriniň hakyky reňklerini hödürleýär. Mundan başga-da, suratyň içinde ýalňyşsyz tekst ýazmak ukyby bilen infografika, plakat (poster) we diýagrammalary döretmekde uly amatlyklar döredýär.

Modelleriň nyrhnamalary we elýeterliligi
Bu täze modeller ilki bilen 19-njy martda MAI Playground atly test platformasynda peýda bolupdy, indi bolsa Microsoft Foundry-de doly elýeterli. Baha (nyrhnama) syýasatyna seredenimizde:
MAI-Transcribe-1: Sagadyna 0,36 dollardan başlaýar.
MAI-Voice-1: 1 million harp (simwol) üçin 22 dollardan başlaýar.
MAI-Image-2: Tekst buýrugy üçin 1 million tokene 5 dollar, surat çykaryşy üçin bolsa 1 million tokene 33 dollar sarp edýär.
Ösüş topary we Openai hyzmatdaşlygy
Bu kämil modeller Microsoft-yň emeli aň boýunça başlygy (CEO) Mustafa Suleýmanyň ýolbaşçylygyndaky “MAI Superintelligence” topary tarapyndan döredildi. 2025-nji ýylyň noýabr aýynda gurlan bu topar, kompaniýanyň içerki emeli aň barlaglaryny alyp barýar.
Mustafa Suleýman ýaňy-ýakynda beren interwýusynda Microsoft-yň öz modellerini çykarýandygyna garamazdan, OpenAI bilen hyzmatdaşlygyna doly ygrarlydygyny we ýakynda täzeden ylalaşylan şertnamalaryň bu ösüşlere giň ýol açandygyny aýratyn belledi.


